Doganoglan agam, meşhur hirurg Hojageldi Orazmyradowy ýatlap
Doganoglan agam, meşhur hirurg Hojageldi Orazmyradowy ýatlap
Ten ýara, näsaglyga,
Çydardyk ýa aglardyk.
Ýöne ozaly Alla,
Seň ýanyňa ylgardyk.
Ýeňil elleriň bilen,
Gözläp, ellän çagyňda.
Anyklardyň, aňardyň,
Ne kem bar sol, sagyňda.
Bejerip, em ederdiň,
Dermanyňam ýanyňda.
Mätäje kömek etmek,
Bardy asly, ganyňda.
Indi ýara düşdügi,
Aglaýas, aglamaýas.
Sen ýok, alajymyz ýok,
Ýanyňa ylgamaýas.
Bizi sagaldyp ýören,
Seniň barlygyň eken.
Il içinde abraýyň,
Barja baýlygyň eken,
Eý, Hojageldi ekem!
2011 ý. Goşgular