|

Dogan harplar

Dogan harplar

■ Dogan harplar
    
Günlerde bir gün harplar üýşüp, özara jedele giripdirler. Olaryň hersi özüni iň gerekli harpdyryn öýdüp, döşüne kakyp öwnüpdir.
— Araňyzda iň ulyňyz mendirin! — diýip, «A» harpy magtanyp, orta çykypdyr. 
— Çünki men ilkinji bolup dünýä indim. Beýlekilerem ondan kem galmandyrlar-da: «Men-de, men!» bolşup, ýerli-ýerden galmagal turzupdyrlar. Birdenem bir ýerden Nokat peýda bolupdyr-da: «Hany duruň bakaly, biderek jedeliňizi bes ediň!» diýip, hatarlanyşyp duran bir topar harpa ýüzlenipdir. «Ýeri näme?!» diýşip, harplar oňa geň galşyp seredipdirler. Ol: «Eger baryňyz bir bolsaňyz, başarmajak işiňiz bolmaz» diýipdir. Bu bolsa olaryň özlerem haýran galyşyp: «Dogrudanam, biziň hemmämiz bir dogan ýaly agzybir bolsak, islendik sözi ýazyp biljek ekenik! Islendik küti-küti kitaplaram biziň kömegimiz bilen ýazylýar. Her birimiz öz ornumyzda gerekli. Biziň bar güýjümiz agzybirlikde ekeni» diýşipdirler. «Ine, siz öz jedeliňizi özüňiz çözdüňiz. Men bolsa ony nokat goýup jemleýärin» diýip, Nokat begençli ýylgyrypdyr.
 
■ Oýnawaç

Howluda birsalym oýnansoň Batyrjygyň ýüregi gysyp başlady. Ol köçedäki beýleki çagalar bilen oýnasy gelip, howludan çykmakçy bolup, gapynyň agzyna bardy. Öý işlerine güýmenip ýören ejesi oňa: «Gel, oglum, düýn kakaň bazardan getiren täzeje oýnawaçlaryňy oýnaý-da!» diýip, bir sebet oýnawajy onuň öňüne dökdi. Batyrjyk birsalym oýnawaçlara göwünli-göwünsiz seredip oturdy. Birdenem tüýdüjek böküp ýerinden turdudyr-da: «Gel, ikimiz dost bolup, bileje oýnaly. Şirin owazymy eşitseň, göwnüň açylar» diýdi. Oglanjyk ony eline alyp, çalyp gördi. Tüýdüjegiň gulaga ýakymly süýji mukamy oňa şeýlebir hoş ýakdy welin, diňläp heziller etdi. Onuň yzyndan ala-mula topjagaz tigirlenip ýanyna geldi-de: «Eý, dost, gel, bileje oýnaly. Meniň bilen oýnasaň, ruhubelent hem-de sagdyn bolarsyň!» diýip ýylgyrdy. Batyrjyk gyzygyp, esli salym top oýnady. Akja kompýuter onuň öňüne geldi-de: «Men dostlarymyň ähli isleglerini berjaý edýärin. Isleseň, dürli gyzykly oýunlary, owadan suratlary görkezeýin. Näme isleseň aýdyber. Meni öwrenseň köp zat bilersiň!» diýip açyldy. Oglanjyk komputer bilen höwrügip, gyzygyp köp oýnapdyr. Onuň yzyndan tigirjik, uçarjyk, ulagjyk we beýleki oýnawaçlaram gelip, dostlaşyp onuň bilen bileje oýnadylar. Şeýdip, oýnawaçlar onuň mydamalyk dostlaryna öwrüldi. Şondan soň oglanjyk hemişe olar bilen äbe-jüýbe bolup oýnady, hijem bir ýüregi gysmady.
 
Eziz YKBAL.

Çagalar edebiýaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle