|

Diýmäň asla: «Ýanypdyr bu neresse…»

Diýmäň asla: "Ýanypdyr bu neresse…" «DIÝMÄÑ ASLA: «ÝANYPDYR BU NERESSE…»

Diýmäň asla: «Ýalňyzlygňy ýeňmeli…»,
Aýby ýog-a ýeke-ýalňyz gezmäňem!
Ýaralarym päk söýgüniň tegmili,
Gynanç bilen duýgularmy ezmäňem!

Diýmäň asla: «Ýanypdyr bu neresse…»,
Ýazgarsaňyz, ýazgaryň men biweji!
Bir ummanyň jümmüşinde ýer etseň,
Duýup bilmez akwarýumyň leňňeji.

Köp iýilen zatdan doýsa-da mäde,
Tagam duýulanok göreniň bilen.
Bir tarap çyn bilen söýse-de, käte,
Söýdürip bilmersiň söýeniň bilen.

Mekgä yssy gerek, şala-da çyglyk
Maňa bolsa «Ýeke-tägiň» söýgüsi.
Gelsin şonuň bilen kalbyma giňlik,
Gelsin şonuň bilen dünýäň gaýgysy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle