| |

Diýe-diýe

Diýe-diýe DIÝE-DIÝE

Diýe-diýe

Şol jennetiň derýalary,
Akar Alla diýe-diýe.
Çykmyş yslam bilbilleri,
Okar Alla diýe-diýe.

Sallanar tuba dallary,
Kuran okar hem dilleri.
Jennet bagynyň gülleri,
Kokar Alla diýe-diýe.

Kimi iýip, kimi içer,
Hem melekler rahmet saçar.
ldris nebi hülle biçer,
Tiker Alla diýe-diýe.

Nurdandyr ol diregleri,
Kümüşdendir ýapraklary.
Uzaldykça pudaklary,
Biter Alla diýe-diýe.

Aýdan aýdyňdyr ýüzleri,
Şekerden datly sözleri,
Jennetde hüýr gyzlary,
Gezer Alla diýe-diýe.

Haka aşyk bolan kişi,
Akar gözleriniň ýaşy,
Nur deý bolar içi, daşy,
Sözlär Alla diýe-diýe.

Ne dileseň Hakdan dile,
Belet bolup gir bu ýola.
Bilbil aşyk bolmuş güle,
Saýrar Alla diýe-diýe.

Açyldı gökleň gapysy,
Rahmete doldy gapysy.
Sekiz jennetiň gapysy,
Açar Alla diýe-diýe.

Ryzwandyr ol gapy açan,
ldrisdir hülle biçen.
Köwser şerabyny içen,
Ganar Alla diýe-diýe.

Misgin Ýunus, dost-ýaryna,
Goýma bu güni erte güne.
Erte Hakyň diwanyna,
Barsam Alla diýe-diýe.

Ýunus Emre. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle