Diýdim — diýdi…
Diýdim — diýdi…
Diýdim: melekmiň ýa beşer? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: asalmyň ýa şeker? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: gözellik bagynyň nowgülimiň serwi-rowan?
Ýa bagy-peýker, ýa göwher? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: ol galam gaşmydyr? A:l lebleriň janbagşmydyr?
Aby-haýatmyň ýa Hazar? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: bu ter-gül jemalyň, görmäne göz gerek janym.
Aýnamyň sen ýa aý kamar? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: akyl talaňçy sen — bu jilwe hem bu näz bilen.
Ýa göwün ogrusy meger? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: sen göwün mesgenim! Aram-kararym, menzilim!
Ýa didarmyň ýa-da nazar? Diýdi: men — men her ikisem.
Diýdim: Kemalyňdan eý ýar! Neçüýn bihabar sen nigär?
Hemramyň sen ýa-da agýar? Diýdi: men — men her ikisem.
Kemal HOJENDİ.
Terjime eden Taýmaz SEÝIDOW. Goşgular