Diýdim
Diýdim
DIÝDIM
Gözüm açyp, görüp gözel dünýäni,
Oňa “beýik gudrat, keramat” diýdim.
Islänimçe şygyr aýdyp bilýänmi,
“Ylahyň peşgeşi-hemaýat” diýdim.
Söz içinden sözi saýlap bilmesem,
Pikirlermi setre baglap bilmesem.
Duýgym bilen duýgy awlap bilmesem,
Ol eden işime “jenaýat” diýdim.
“Kalba täze dünýä pikir-oý berýän,
Ynamyma, yhlasyma tow berýän.
Şygyr aýtsam, çyny bilen “how” berýän,
Diňläp bilýän, dana jemagat” diýdim.
“Mynasyp dälsiň sen aýdýan sözüňe!” –
Diýip, biri diýjek ýaly ýüzüme.
Kä oturyp, böwrüm diňläp, özüme:
“Şygyrýete etme hyýanat” diýdim.
“Alla berer” diýseň, olam bermese,
Lukman dertliň emin tapyp bilmese.
Algyr guşyň ala gözi görmese,
Şahyram ýazmasa “kyýamat” diýdim.
Päkizelik-päkilik, söýgi-ylahy,
Başda paýhas, durkda duýgy-ylahy.
Çyn aýdymlar ölmez-ýitmezdir baky,
Şygyrýete “arşy sahabat” diýdim.
“Şahyr, sen minneti çekýäň galamdan!” –
Diýýärler, diýsinler bu söz karam däl.
Käte diýseler-de derwüş-galandar,
“Her sözüme berýän hasabat” diýdim.
“Ýürek owadandyr, ynjyly bagyr,
Parlaýan tugudyr-kanagat, sabyr.
Ylham şahyrkydyr, özgäňki şygyr,
“Gursakda galmasyn garamat” diýdim.
Diýseň wajyp düşünmegmiz bir zada:
Aslymyz han-soltan, bizem begzada.
Parahatlyk, saglyk gözbaş bar zada,
Barça ynsan bolsun, salamat” diýdim.
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular