Diýdiler Juma gün näme dilediň
Diýdiler Juma gün näme dilediň

Diýdiler Juma gün näme dilediň,
Diyip ýörmüň ýada ynsan söýmerin,
Dilediňmi bagt bolup açylsyn,
Gapylary iň kaşaňja öýleriň.
Jan saglyk diledim atam-eneme,
Elmydam daşyma geriler ýaly.
Uzak ýaş diledim, meňki köp bolsa,
Meniňem ýaşymdan beriler ýaly.
Duşmana diledim, hoşlaşyp ak ýol,
Ádimde garaşyp durmazlar ýaly,
Diledim doslarma päkje bir iýman,
Arkamdan pyçagy urmazlar ýaly,
Diledim dogana güýç-kuwwat, saglyk,
Şonyñ bilen güçli mydam bilegim,
Ùýtgeşik bir zady, soramadym, ýok,
Diýdim kabul etse, bolýa dilegin.
Köp zatlar diledim Juma gününde,
Ucdym käte asman sary göterlip,
Eý Allahym, bagtym bilen synama,
Söýen ýarym wepa berse ýeterlik.
Ogulgurban JUMABAÝEWA,
Ruhubelent etraby. Goşgular