|

Diýarym

Diýarym DIÝARYM

Düzleriň tenekar, daglaryň derman,
Derýalaryň aby-köwser, Diýarym.
Güýzleriňde arşdan seçilen zer bar,
Ýazlaryň bar – ýaşyl öwsen, Diýarym.

Neneň döremesin buýsançly goşgy?!
Sen ylhamyň öýi, joşgunyň köşgi.
Has beter joş alar ýüregmiň yşgy,
Seni näçe-näçe söýsem, Diýarym.

Mekanmyň sen bag Eremde ýetişen,
Mukammyň sen bagt bilen gatyşan?
Senli bolmak – iň ullakan utuşym,
Maňa iň gymmatly öý sen, Diýarym.

Baharlaň oýanar sesine durnaň,
Tomsuň gyzgyn mähri kalplara ornar.
Güýzleňde ykbala ýakylan şem bar,
Ak gyşyň – ak bagtym, bilseň, Diýarym.

Sensizlikde ömür diýilýän zadyň
Bolmaz eken asla tagamam, dadam.
Ýüregmiň üstünde görersiň adyň
Eger çep gursagmy dilseň, Diýarym. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle