|

Dirilikden nyşan

Dirilikden nyşan DIRILIKDEN NYŞAN

Gün-günden agralýar gerdendäki ýük,
Gün-günden köpelýär maňlaýda gasyn.
Ýyllar ýyldyrym dek geçýär-de duşdan,
Duýdurman ýüzüme basýar tagmasyn.
Men bolsa ýyllary uzaltjak bolýan
Hem geljege tarap uçurýan arzuw:
Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň
Alamaty bu.

Dostlarym kem-kemden gözelleşýär-de,
Gözüme şeýle bir eziz görünýär.
Bir zada begenýän, şolaň öňünde
Mydam hyzmat edip, pelasaň urýan.
Ýene-de az görýän hemem özümi
Bergidar saýýan-da, bolýaryn öl-suw,
Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň
Alamaty bu.

Hut düýnem älem dek giň görnen sähram,
Göwnüme bolmasa, kiçelip kem-kem.
Sygýar bu gün ýumruk ýaljak ýüregme…
Kim bilýär, bolmalsy şeýledir, belkem.
Şonda-da buýsanýan, jomart topragym
Gursagma guýup dur gaýratdyr hyjuw.
Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň
Alamaty bu.

Gyzygy ýok bu durmuşyň, sähramdan
Eger aýra geçse meniň bir günüm,
Ýöne-alyslara nazaryn ýollap,
Tolgunyp ugrasa bikarar göwnüm,
Uçýan-da daglaryň depesinden men,
Gonýaryn köllere, misli bir ak guw:
Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň
Alamaty bu.

Bilýärin, öz derdim özüme ýetik,
Asyl egsilenok işim-aladam.
Emma uzak bir ülkede biriniň
Derde ulaşanny duýsam, elmydam
Ökünýärin lukman bolup dogmanma,
Ýok şol gije maňa arkaýyn ýatuw:
Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň
Alamaty bu.

Garaz, her ädimde diriligimden
Alamat görsem-de, nyşan görsem-de,
Käte, öz-özüme bolýaryn müňkür
Hem diýýärin «dirimikäm eýsem-de…»
Şeýdip, barlap ýörün men öz ömrümi,
Her günüm meň üçin bir täsin okuw:
Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň
Alamaty bu.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle