|

Diňe sen hakda

Diňe sen hakda DIÑE SEN HAKDA

Äpişgäni açyp ýagynly günde,
Jahana ümsümlik giräýen çakda
Otyryn saýlanyp, ýagyşy synlap
Diňe sen hakda.

Geläý, mähribanym, al-elwan geýnip,
Goşa ýüzügmiziň taýyny dakda.
Düýşüm, huşum boldy ençe ýyl bäri
Diňe sen hakda.

Toýda, märekede ýa-da ekranda,
Goşa juwan göze ilen pursatda,
Oýlanýan şolarda görüp gözüňi
Diňe sen hakda.

Käte gussalamdan sowulmak üçin,
Gidýän başga ýurda, bolýan uzakda.
Alyslarda barha artýar oýlarym
Diňe sen hakda.

Sebäp ömrüm, durkum bir saňa bagly,
Bir-birekden näçe aýra bolsak-da.
Galdy mende hemişelik bu oýlar
Ýalňyz özüň hakda,
Diňe sen hakda.

1979 ý.

“Türkmenistan” gazeti, 15.04.1998 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle