Diňe bir zatdan gorkýan… / E.Nesine öýkünme
Diňe bir zatdan gorkýan… / E.Nesine öýkünme

Siz meni gorkaklykda aýyplajak bolýaňyzmy?! Ýo-ýok, men Siziň o diýýän züwwetdinleriňizden däl. Siz ýalňyşýaňyz. onda-da gödek ýalňyşýaňyz. Ýok, ýok, asla men siziň ol aýdýanyňyza «hä» diýip biljek däl. Men ýekeje bir zatdan gorkýan.
Näme? Býurokratdanmy? Ha-ha! Aý, meniň ýanymda onyň dagy hiç-le, witjik. Şahyr aýtmyşlaýyn, býurokraty duran ýerinde möjek dek çeýnäp biljek.
Haryt gytçylygyndan diýýäňmi? Men bu gahatçylygyň ömür baky üstümizi alyp durmajagyny bilýän. Ýeriň-gögüň diregi dükanlar däl ahbetin. Bazara barsaň, ähli zat bar. Diňe pul gerek. Olam, Hudaýa şükür, bizde köp, weşeň-weşeň. Hökümedimiz eçilýä, tüweleme. Puluň bu köpelişi bilen bahym gapjygyň deregine horjun götermeli boljak.
Aýalymdanmy?! Beýdip maňa gyjalat berjek bolmaň. Elbetde, aýdyşlaryna görä, aýaldan aždarha-da eýmenenmiş. Men welin gorkamok. Döşüme kakyp aýdýan, gorkamok. Galyberse-de, ol hem adam ahbetin, gepe-söze düşünýär-ä. Ýyly söz bilen olary pagyş-para eredip bolýar.
Baý-ba-a! Tapdyň keçe telpegi. Tankyt bilen maňa edip biljek zadyň ýok. Dogrusy, onuň üçin-ä haram tüýümem gymyldanok. Tankytlasalar hezil edýän, gerşimi tutup berýän. Çünki ýepbeklenýän adamlaň soňra ulaldylýan halaty köp bolýar. Belki, Hudaý, «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler.
Käbir adamlar ýygnakdan öler ýaly gorkýarlar. Meniň welin azaryma-da däl, gaýtam gözüm açylýar, has dogrusy, keýpim göterilýär. Yzraga geçýän-de, gözümiň awusyny alýan, käte düýşem görýän. Ýa bolmasa gazet-pazede güýmenýän. Sesiňi çykarman otursaň, o ýerde seň adyňy tutanoklar.
Organ işgärlerindenmi? Goý, olaryň özi menden gorksun. Men il ýaly para-peşgeş bilen sypjak bolup ýöremok. Dekje geziberýän. Äwüp-säwüp birden jenaýat edäýeňde hem, başyňy alyp çyksaň bolýar. Juda bolmasa, «Akyly üýtgäpdir» diýdiren bolup, wagtlaýynça dälihana giräýmeli. Wessalam.
Dogrusyny dogry aýtjak, hemişe Býuro diýilýän zatdan azda-kände eýmenýädim. Bilşiňiz ýaly, ol hem indi ýok, ýatyryldy. Gowy bolaýdy, oňa geregi hem şoldy. Galyň bendäni zähreli etdi-how.
Başga planetalylaryň gaýtam özleri bizden gorkýan bolaýmasa. Heý, bir duşmazlarmyka diýip, men-ä arzuwam edýän, ýörite ugruna çykyp gözleýänem şolary. Äkitseler, gitjek. Näme, olaryň ýaşaýşy biziňkiçe ýokdur öýdýäňizmi?! Uzyn günüňi alýan nobatlardan-a dynaryn.
Ýok-ýok, Ezraýyldanam gorkamok. Bir başa — bir ölüm bar. Bilýän, wagtyndan öň gelip, ol meniň adymy tutmaz. ondaky nobat maşynyňky ýa jaýyňky ýaly däl, pul berip, öňe-yza süýşürdip bolanok. Wagty geldigi — pat, ýalbar-ýakar edeniň peýdasy ýok.
Onda nämeden gorkýaň diýýäňizmi?! Aýtjak däl. Aýtsam senzura geçirmez. Dur-la, onda meniň gorkýan zadym bir däl-de iki bolýa-da.
Bir-ä… Wiý, neden dilimden sypdyrypdym. Beýlekisem senzura. Bolany şo.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
«DIÝAR» žurnaly, 1992 ý. Satiriki hekaýalar