Diñdirjek bolmalyñ aglaýanlary…
Diñdirjek bolmalyñ aglaýanlary…

Diňdirjek bolmalyň aglaýanlary,
Goý, egissin ýüreginiň gussasyn!
Bu jahanda gam çekmäge esas bar,
Şatlanmaga bolsa iki esse kän.
Dogýan güneşleri maňlaýa sylyp,
Ýaşan şapaklardan many gözleýäs.
Kä öz bagtymyza mübtela bolup,
Özgäň agyr hasratyny görmeýäs.
Aýlanyp ýör hasabyna jür wagt,
Maslahat soranok, duýanok öýkäň.
Girse bir gapydan sallançak bolup,
Tabyt alyp çykýar başga bir öýden.
Diňdirjek bolmalyň aglaýanlary,
Belki, aýralygyň çekýändir ahyn
Ýa-da öz hasratyn aňmaýanlaryň
Göterip ýörendir betbagt agysyn.
Şatlyk, hasrat – barysy bir ömürde,
Käte derdiň gözýaş bolup döküler.
Meger çyndan aglap görmediklerden
Bagtlydyr ömrüni aglap ötüren.
* * *
Maňa türkmen gany elkinlik bermez
Bu durmuşa sowukganly bolmaga.
Dyzmaçlyk aslym meň –
namysa degýän
Ýeke söz üstünde taýýar ölmäge.
Türkmençe ýigrenýän,
Söýýän türkmençe,
Türkmen düzi aýlanyp dur ganymda-
Gülkimden tanarlar türkmendigimi,
Türkmendigim tanarlar meň agymdan!..
Döwlet GARKYN Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.