Dillen dolanaý!
Dillen dolanaý!
Men oňa diýmändim: “Terk edip gitme!”
Häzirem diýemok: “Yza dolanaý!”.
Ýöne, käte ýürek ýary küýseýär,
Sen ony görýäňmi, dillen dolanaý .
Ýyldyzlar, belki, siz görýän bolmaly,
Siz köplüg-ä, görnenokmy hijiňe?!
Bagtlymyka özge gözeli söýüp,
Ýa-da ýalňyzmyka tutup kejine.
Bilýän-ä, gündizler başagaý bolup,
Güýmense-de galamyna, işine.
Gijeler ýatmana karary ýetmez,
Ýatsa-da, men giräýmeli düýşüne.
Arman bile bezäp her bir setirin,
Zarymy ol menden geljek bir jaňyň.
Ýa-da ykbalyna kaýyl bireýýäm,
Ýat gyzlaň birinde barlap ýör janyn.
Ýolda-yzda gabat gelsem tötänden,
Diýermi: “Bagyşla, yza dolanaý!”
Meniň ýarym nirelerde eglendi,
Sen ony görýäňmi,
Dillen, dolanaý?!
Annabeg AÝMAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. Goşgular