| | |

Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?

Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar? DILIMIZDEN DIÑE PARS SÖZLERINI AÝYRSAK NÄHILI BOLAR?

Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?

Entek respublikamyz yglan edilmezden öñ dilimizde ýönekeýleşdirme hereketleri başlapdyr.
«Genç Kalemler» žurnalynyñ redaksiýasy we oña ýakyn durýanlar döwrüñ «Ittihat we Terakki» jemgyýetiniñ goldawyny alyp, dilde millileşdirme hereketini alyp barypdyr.
Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?

«Genç Kalemler»

Ziýa Gökalpyñ çykaryp başlan «Genç Kalemler» («Ýaş ýazyjylar») žurnaly Omar Seýfetdiniñ awtoryny görkezmän ýazan «Täze dil» («Yeni Lisan») makalasy bilen dildäki arap-pars sözlerini sypatlandyrmalar we baglaýjylar bilen arassalama meselesini gozgapdyr.
Wagtyñ geçmegi bilen bu mesele edebiýat meýdanyna we syýasata hem aralaşýar.
Arap-pars dilleri türk medeniýetine asyrlar boýy täsirini ýetirip gelen esasy gepleşik dilleriniñ biridir.
Bu iki diliñ ýanynda türk dili fransuz, rum we başga-da birnäçe ýewropa dillerinden san-sajaksyz söz alypdyr.
Arap-pars dilleri bolsa, türklere dürli görnüşlerde täsirini ýetiripdir. Köp kişi ybadat dili arapça bolandygy üçin yslamlaşma prosesinde arap diliniñ agalyk süren dil bolandygyny pikir edýär.
Ýogsam bolmasa, türkler yslamy has köp parslardan öwrenip kabul edipdir. Şonuñ üçinem esasy dini adalgalar bolan pygamber, abdest (täret) ýaly ybadata degişli sözler parslardan geçipdir.

Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?

Dil gurultaýy

• Arap dili nämüçin kyn?

Arapça büklümlü dediğimiz bir dildir. Ýagny, sözüñ gurluşyny üýtgedýän goşulma goşulanda sözüñ düzümi üýtgeýär.
Ýogsam bolmasa, türkçede meselem «gel» sözüne goşulma goşulanda düzümini goraýar: «geliş», «gelip», «gelen» «geldi» bolup biler, ýöne düzümi käbir ýagdaýlarda bolaýmasa üýtgemeýär.
Arap dilinde bolsa bir söz bilen tapawutlanýan manylary emele getirmek üçin düzüm üýtgeşmesi bilen bükülip bilner. Şeýle-de arap sözlerinde inçe sesleri bermegem türklere örän kyn düşýär.
Şunuñ bilen baglanyşyklylykda parsça sözler, baglaýjylar we sypatlandyrmalar nukdaýnazarynda türkler üçin has añsat we ulanmaga amatly bolupdyr. Şeýle-de pars diliniñ çeper edebiýatda we gündelik durmuşda artýan ulanyşygy halkyñ bu dilden ep-esli söz almagyny tizleşdiripdir.
San taýdan alanda seljukly we osmanly döwründe ýazylan eserlere üns bersek, arap sözleriniñ sany pars sözlerinden köp bolup biler, emma halk gepleşiginde ulanylyşyna we edebiýat meýdanyna aralaşyşyna seredenimizde, türkler has beter pars diliniñ täsirinde bolupdyr diýip bileris.
Şuny-da aýratyn nygtamak gerek: beýik medeniýetler dillerine daşyndan bir sözi alany bilen ýok bolmaýar. Gaýtam tersine, başga dillerden geçýän sözleri özüne kybap görnüşde kabul edip alma ukyby öz dilini baýlaşdyrýan esasy faktorlaryñ biridir.
Dilde millileşdirme hereketiniñ başyny başlan «Genç Kalemler» žurnalynyñ işgäri Omar Seýfetdiniñ pikiriçe, milli arassalama — bar bolan arap ýa-da pars sözlerini zyñyp, ýerine Orta Aziýa sähralarynda bireýýäm ölüp giden sözleri getirip, gepleşige sokmak bolmaly däldir.

Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?

Omar Seýfetdin

Dilimizde ýaşaýan we ýazyjy-şahyryñ, zähmetkeşiñ, talybyñ işjeñ ulanýan sözleriniñ düýp gelip çykyşy nireden bolanda-da, ol barybir türk sözüdir. Söz diliñ içinde ilki funksional, yzyndan estetiki bolmaly we ahyrynda alynan söz diliñ kada-kanunlaryny bozmaly däl.
Şunuñ bilen baglanyşyklylykda pars dilinden dilimize taryhy müddetde geçen we häzirem gündelik ulanýan dilimiziñ aýrylmaz bölegi bolan sözleri aýranymyzda, türk dilini ýykgynçylygyñ erñegine äkideris. Geliñ, şeýle sözleriñ käbirine bilelikde seredip geçeliñ.
Ilkinji nobatda sözleri elipbiý tertibinde we iñ gyzykly bolaýjaklaryny saýlap-seçip okyjylaryñ dykgatyna ýetirýändigimi hem aýratyn nygtap geçesim gelýär.

Dilimizden diñe pars sözlerini aýyrsak nähili bolar?

A harpy

Abdest (täret), aheste, ahenk (äheñ), amaç (maksat), armyt, arzuw, asaýyş (asudalyk), aşikâr (äşgär), aşiýan, ataş, awara (sergezdan, ykmanda), awaz (owaz), awize, aýin, azar (yza), azat…

B harpy

Bajak (injik, aýak), bahar, bahşiş (hudaýoly, sadaka), bagtyýar, bamýa, barut (däri, kükürt), bedawa (mugt), bil, beste, beýgir, bihuda, binamaz, biçäre….

J harpy

Jady, jam, jan, janawer, jendere, janhyraş, jöwher, jöwşen, jeñ, jywa, jephana, jiger, jahan, juwan, jimri (husyt, gysganç), joşmak, jomart (sahy)…

Ç harpy

Çabuk (çalt, çakgan), çadyr, çakal (şagal), çamaşyr, çapraz, çäre, çarmyh (haç), çarşaf, çember, çeññel, çeşme, çewik (polat), çyra, çift (jübüt), çile, çirkin (bedroý, betnyşan), çopan, çorba, çöp, çünki…

D harpy

Dag, dady, dert, derýa, derwüş, dessan, dil, dost, dolap, diwar, dürs, duşman…

E harpy

Ebru, efsana, eger, ežder (aždar), endam, endişe, enişte (köreken, giýew), eýwah (eýwaý), ezber…

F harpy

Ferah (ynjalyk), fystyk, fil (pil), finjan, firuze (pöwrize), ferýat (perýat), fersah (parsah) , figan (pygan), feriştah (perişde), ferda…

G harpy

Gäwür, gerçi (hakykatda), gerdan, gärdek, gezi, geweze, gözde, gül, gürbüz, göýä…

Ýumşak «g» bilen başlaýan sözler türkçede hem ýokdugy üçin onuñ deñesinden sowlup geçýäris.

• H harpy

Hepde, hak, han, hana, handan, hassahana, havuç, hem, hemşire, hep, heniz, herkes, hergele, hiç, hoja, hoş, hünär…

I harpy

Injir, işkenje (gynama), işkembe, ibrik, igdiş…

K harpy

Karpuz (garpyz), kahraman (gahryman), kavga (gowga, bärdäki manysy dawa-jenjel), kaýysy, kelek, kelepçe, kelle, keman, kenar, kereste, kerewiz, keş, keşiş, keşkül, kireç, köfte, köşk…

L harpy

Laf (lap), lal, lawaş (lowaç), leke (kir), leb, läş, leglek, lime, lewent, legen, leblebi…

M harpy

Madara, mat, mehter, mekik, merjimek, mert, meý, mumyýa, möhür, müžgän, mühde…

N harpy

Nadan, nägehan, nähoş, nam, nama, namart, nar, naz, nargile, ne.. ne.., nergiz, neşter…

O harpy

«O» harpy bilen başlaýan iki söz diýseñ täsin: «oruç» (oraza), beýlekisi bolsa paýyş söz hökmünde ulanylýan «orospu» (jelep).

P harpy

Patyşa, paha (baha), panzehir (antiwirus), pamyk, para (pul), parça (bölek), pazar (bazar), peder (ata), pembe (gülgüne), perde, pergel, perişan…

R harpy

Reçel, rençber, reñk, reñbe-reñ, rowan, ryhtym, ryswa, rüzgâr (rozygär), rowan, rast…

S harpy

Sahte (galp), sada, saraý (köşk), serhoş, sadranç, sebze (käşir), sehpa, serap, serbest, Serhat, senjap, sütem, sert (gödek), serseri…

T harpy

Tagt, tane (däne), tarçyn, tawa, taý, täze, tebeşir, tembel (ýalta), ten, terezi, terzi, tiz, teskere, turşy, tüfek (tüpeñ), türban…

U harpy

Ussa, ustura (äri, byçgy), umyt, ussat…

W harpy

«W» harpy «wirane» (weýran), «waşak» ýaly az sanly sözler bilen garşymyza çykýar.
Elbetde bu azlyk gündelik durmuşdaky añlatmasyna üns berende şeýle. Ýogsam bolmasa, diñe «w» harpy bilenem makalamyzy dolduryp bilerdik.
Elbette bu sınır gündelik hayattaki yansıması dikkate alındığında böyledir.

Ý harpy

Ýagma, ýardak, ýabany, ýad, ýar, ýardam, ýasemin (jasmin), ya..ya, ýegane, ýek, ýelda, ýekta, ýeşim…

Z harpy

Zäher, zemberek, zemin, zenji, zerde, zibidi, zeýrek, zira, zynhar, zor, zülüf, zümrüdiýanka…

Şuña çenli sanan sözlerimiz deñizden bir damja we munuñ iki maksady bar. Birinjisi dilimiziñ medeniýet dilidigini görkezmek.
Biziñ dilimiz ha gündogardan bolsun, ha günbatardan — başga dillerden geçen sözleriñ hasabyna asyrlarboýy baýlaşyp, güýçlenip gelýär. Şonuñ üçinem dilimizi «arassalamak» üçin edilen käbir synanyşyklar hemişe şowsuzlyga uçrap gelipdir.
Özüñiz bilýänsiñiz, kämahal türk diliniñ şular ýaly ajaýyp we kämil sistemasy ýalñyş düşündirildi. Hatda türk diliniñ dünýäde ilkinji dil bolandygyny orta atanlaram boldy.
Merhum Zeki Welidi Togan bu tasa gelmejek pikiri orta atýanlary ýañsyly görnüşde, «eýse ähli diller türk dilinden dörän bolsa, onda nämüçin türkçe däl sözleri aýyrjak bolup arrygyñyzy gynaýarsyñyz» diýip tankyt edipdi.
Garşydaşy Reşit Galip ýaly agressiw adam bolansoñ, Togan meýletin sürgüne gidip, zordan janyny halas edipdi.
Beýleki bir maksat biz türkleriñ gündelik durmuşynyñ içinde pars diliniñ täsiriniñ bardygyny görkesmek.
Meniñ nukdaýnazarymdan türk nasionalizminiñ iñ görnükli wekili bolan Omar Seýfetdiniñ makalalarynda «Ýogsa-da, diñe pars dilinden geçen sözleri gepleşikden aýyrsak näme bolardy?» soragyna şu günümizden jogap bermäge synanyşdyk.
Omar Seýfetdinem mundan bir asyr öñ munuñ türk diline garşy edip bolaýjak iñ uly jenaýatdygyny aýdypdyr. Diýmek, türk dili şindizem ýaşaýan, dem alýan medeni dildir. Belki-de, soñky ýazgylarymyzda dilimizden rum, ermeni gepleşiklerinden geçen sözleri aýyrsak, näme boljakdygyny-da görkezeris.
Şu makalanyñ çäginde pars dilinden geçen we diñe gündelik durmuşda ulanylýan sözleri görkezendigimizi-de nygtap geçmek isleýäris. Ýogsam bolmasa, bu dilden alynan idiomalar, baglaýjylar, goşulmalar aýry makalanyñ temasyny düzýär.

Mehmet MAZLUM ÇELIK.

@MMazlumcel
celikmehmedmazlum@gmail.com

Duşenbe, 11.09.2023 ý. Türkmen dili

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle