|

Dile gelen sözler

Dile gelen sözler DILE GELEN SÖZLER…

■ Baýlyk erkekleriñ ýüregini gatadýar, zenanlaryñkyny ýumşadýar…

■ Ýürek ýeke özüñ üçin berilmändir.

■ Ol pes gapydan girende mañlaýyny urup çişirýär, beýik gapydan girende bolsa bükülip girýär.

■ Ýürek üçin iñ gowy iýmit ylham we mähirdir.

■ Parahat ýürek hiñlenmäni halaýar.

■ Begenmäni başarmaýan ýürek, begendirmäge-de ukypsyzdyr.

■ Ganygyzgynlyk pähime ýagy, sowukganlylyk wehime.

■ Dana arzylansa nepi deger, nadan arzylansa, gepi…

■ Iki ýagşynyñ ýaryşy ösüşe alyp barar, iki ýamanyñ ýaryşy süsüşe.

■ Otünçden zyýan ýok, ökünçden peýan.

■ Ynsan görki zähmetde, malyñ görki süýt-etde, wepalylyk at-itde.

■ Azan pälinden tapar, gezegen ýolundan.

■ Perdä basmasañ heñ çykmaz. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle