Dile geldi, bile geldi…
Dile geldi, bile geldi…
Ýaş şahyr «Horaz» basnýasyny alyp, redaksiýa getirdi. Bölüm müdiri ony okap, şahyryñ «Horazyny» onuñ goltugyna gysdyryp, ýola saldy.
* * *
Heýkeltaraş gaş düzetjek bolup, göz çykardy. Tankytçy bolsa bu heýkeli «Abstrakt eser!» hökmünde taryplady.
* * *
Jaýlaryñ sütüni ~ agaç bilen kerpiç, adamzadyñ sütüni ~ zähmet bilen wyždan.
* * *
Başlygy tankyt etmezden burun, ondan öñürti ötünç soramak lazymdyr.
* * *
Öýe täze düşen gelin adamsyna jogap tapyp bilmän, ejesiniñkä konsultasiýa gitdi. Degişmeler