Dile geldi — bile geldi…
Dile geldi — bile geldi…
DILE GELDI ~ BILE GELDI
■ Derläp-derläp, tä şorlaýança zähmet çekýän adam uzak wagtlap zaýalanmaýar.
■ Iñ esasy owsarlamak. Çapmagyñ kynçylygy ýok.
■ Iñ soñky aýtjak aýdymy üçin sesini aýaýardy…
■ Kitabyñ ömri uzak boljak öýdýän. Sebäbi hiç kim ony eline alanokdy…
■ Ýolbars hatda eşek ýaly akmak bolanlygynda-da ýolbarslygyna galýar.
■ Saýhallylygyñ nämedigine düşünmeýän bolsañyz öz-özüñizi tankytlap görüñ.
■ Peýda getirmäge çalyşýardy. Ýöne, näme üçindir, şol peýdany diñe öýüne getirmäge çalyşýardy.
■ Hakykaty ýençmek hatarly däl. Ol saña şeýdip gaýtargy berip bilmeýär.
■ Käbir pikirler bolýar, olary beýniñde däl-de, aşgazanda bişireniñ amatly.
■ Ýüreginiñ küýsän zady bardy. Ýöne ýüregi ýokdy.
■ Bagtyñ pulda däldigini eşidip, bagtdan ýüz dönderdi…
■ Wyždanyñy arassalamak üçin eliñi ýuwup oñanyñ ýeterlik däl…
■ Gapdalyñda ýatan zady almaýan bolsañ, diýmek has çuñ gazýansyñ.
■ Kesekiniñ durmuşyndan özüne ýer tapdy.
■ Haramzadany suwa gabansoñyz, ony suwdan gury çykmaz ýaly ediñ.
■ Haýwanyñ ynsana çyn dost bolmagy üçin ähli zatdan ötri onuñ iýmäge ýaramly däl bolmagy zerur.
Toplan: Emir MYRAT ogly
Sözler