Dile geldi…
Dile geldi…
Ýazyjynyñ eseri öz ýürek heñiñe mahsus bolmasa, onuñ şol eseri ýürekden ýazmadygydyr.
* * *
Bitirip bolmaýan işe garrylaryñ-a güýji ýetenok, ýaşlaryñam akyly.
* * *
Boş ýañramanyñ, täsirli gürlemäniñ ikisiniñem alýan wagty bir bolsa-da, berýän peýdasy başga.
* * *
Haýsydyr bir şahyryñ goşgularyny joşgun bilen ýatdan aýdyp berip, şahyryñ özünden has abraýly bolýanlara-da gabat gelinýär.
* * *
Hakykata gözüñ ýetip durka, hakykatdan daş durmak — Hudaýdan daş durmakdyr.
* * *
Halys gülmäge ýer tapmasañ, il gülende bir gül, belki, ömrüñ uzalyp, ahyry özüñe-de gülmäge bir bahana tapylar.
Amanmyrat KAKABAÝEW. Sözler