Dilçi / intermediýa
Dilçi / intermediýa
— Možnomydyr, oglanlar!
— Geliň, geçiň, ýaşuly.
— Şu ýeri gazetiň redaksiýasymy?
— Hawa.
— Çort wozmi, häliden bäri gözläp lütüm çykdy.
— Onda ýadansyňyz, agam. Oturyň.
— Spasibo. Men bir iş bilen geldim. Özem gaty srýozny iş.
— Aýdyp oturyň.
— Ponimaýeş, bi soňky döwürde dilimiziň işini gördüler…
— Näme boldy, ýaşuly?
— Näme boldy diýip, siz, näme bihabarmy? — Prosto gaharym gelýär. Her kim agzyna gelenini aýdyp dili dürüşde etdiler. Telewizorda peredaçi zat göreňzokmy?
— Görýäs.
— Görýän bolsaňyz, neuželi bu zatlaň garşysyna göreşip bolmaýarkan?
— Aý, juda howsala düşer ýaly zat ýokdur-la…
— Bar, imenno bar. Şolar ýaly zatlaryň külüni göge sowurýan bir statýajyk iberipdim welin, şony peçat etmediňiz-le, ýa…
— Be-e, şol makala asyl siziňkimidi?
— Wah, hawwa-la.
— Diliň arassalygy hakynda gaty janygyp gürleýäňiz welin, ýogsa-da özüňiz ýazyjy, şahyr dagy dälsiňiz-dä?
— Şkolda mollym.
— Nämeden okadýaňyz?
— Türkmen dili i edebiýat.
— Onda düşnükli.
— Näme düşnükli?
— Biz sizi nädip tapyp bolarka diýip ýördük, mazaly özüňiz geläýdiňiz. Hatam ýazjak bolduk, adresiňizi bilmedik, görkezmän ekeniňiz. Bagyşlaň welin, agam, asyl bi dili bulaşdyryp ýören özüňiz ekeniňiz-ä…
— Hä… Näme?… Ýalan! Siz baryp ýatan töhmetçi. Üstüňizden žalybytsa ederin. Görýäňmi bulary. (Tomaşaçylara) «Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar» diýleni, kärdeşlerini ýamanlasaň öz ýakaňdan tutýarlar. Ýo-ýok, ýa wam pokažu (Gaharly gidýär).
Täçmämmet JÜRDEKOW. Satiriki hekaýalar