|

Dilberim

Dilberim DILBERIM

Giç geldiň, giç geldiň, geldiň örän giç,
Bütin durkum bilen söýen, dilberim.
Garaşdym, garaşdym şu güne deňiç
Çirksiz yşkym aýap goýan, dilberim.

Zyban gurap galdy sen diýip saýrap,
Bogan çemenlerim galypdyr gurap.
Yzda gelen ata berlenok baýrak,
Bu saňa hem maňa aýan, dilberim.

Gözläp köp aýlandym şäher, obany…
Ýaňy ahyr yşk derdinden sabanym.
Düşün indi, meniň mahy tabanym,
Eýleme gözlermi girýan, dilberim.

Bu ýaşlarda yşka köňül baglamak,
Bu bir ýüregiňi duzlap daglamak,
Köşeş läläm, peýda bermez aglamak,
Ýollar yrak mundan bu ýan, dilberim.

Jumadurdy SEÝITMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle