Didara teşnelik (Hekaýa)
Nurly Gün Köpetdagyň aňyrsynda gizlense-de, onuň gyrmyzy şapagy sowulmandy. San-sajaksyz ýyldyzlar ýaly bir-birine göz gypyşýan çyralar, arşa sary dyzaýan çüwdürimler, ak mermer binalardyr olaryň degre-daşynda gök öwsüp oturan arçalar, gülzarlyklar şäheriň gözelligine görk goşýardy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbini nurana agşamlarda synlamagyň aýratyn lezzeti bar.
Baýramçylygyň şanyna «Ylham» seýilgähine üýşen mähelle uç-gyraksyzdy. Dost-doganlyk dillerinde ýaňlanýan aýdymlar göwünleri galkyndyrýardy. Şäheriň owadanlygy şirin owazlar bilen sazlaşyp, ynsan kalbyny heýjana salýan duýgulardan pürepürdi. Toý-baýrama utgaşan bu dabara Merdanyň durmuşynda has-da ýatda galyjy boldy. Ol Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly gurmakda janaýaman zähmet çekdi. «Çekseň zähmet — ýagar rähnet» diýleni, halal zähmeti bilen at alan ýigit bu gün «Gaýrat» medalyna mynasyp boldy. Ony her kim baýragy bilen mähirli gutlaýardy.
Baýramçylyga ýygnanan mähelläniň arasynda daşary ýurtly türkmenler-de bardy. Olar hem ýaş ýigidiň ýanyna ýörite gelip, öz gutlaglaryny beýan edýärdiler. Dünýä türkmenleriniň arasyndan bir ýaşulynyň welin, Merdanyň golaýyndan hiç daşlaşasy gelmedi. Hemmelerden öň gelip gutlan-da bolsa, ony kesesinden uzak mahallap synlady durdy. Ahyram dil ýardy:
— Oglum, gözüme juda yssy göründiň welin, wagtyň bolsa kelamagyz gürleşäýjekdim?
— Baş üstüne, ýaşuly! Adym Merdan. Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginden. Işleýän ugrumdan ýokary okuw mekdebini tamamlanym bäri demir ýoluň gurluşygynda işläp gelýän. Ilden-ile, ýurtdan-ýurda ýol çekmek sogap iş. Galyberse-de, dost-dogana gol uzatmak aslymyzda, zandymyzda bar.
— Tüweleme, oglum. Sen bir bagtly ata-enäniň perzendi bolsaň gerek. Seni terbiýeläp ýetişdirenler uzak ýaşasyn. Menem Eýranyň Gürgen şäherinden, adyma Begbaý diýýärler. Aslym bolsa seniň iliňden, han ogul. Belki-de, damar dartandyr, sende nazarym eglendi, gözüme yssy göründiň. Dädem pahyr bir saý-sebäp bilen Aktokaýa geçipdir. Şol ýerde ýaşadyk, soňra men okuwymy dowam etdirip, şähere süýşdüm. Dädem pahyr: «Watana-ha dolanyp bilmedim, ýat ilde ýadyrgamaz ýaly Magtymguly atamyzdan daşlaşmaýyn» diýip, şol ýerde ýaşady.
Men Tähranda lukmançylyk uniwersitetini, soňra aspiranturany okadym. Aspiranturada okap ýören mahalym dädemiň dünýesini täzeländigini habar berdiler. Gyssagly oba dolandym. Görsem, dädem maňa hat ýazyp, ýakynlaryma: «Şu haty elinjek özüne gowşuryň» diýip, sargyt eden eken.
Özi mugallym bolansoň, dädem gowy öwüt-nesihatlary bererdi. Onuň öwütleri häli-häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur. Dädem Magtymguly ahunyň şygyrlaryny ürç edip okardy, goňşy-golamlar her gije diýen ýaly onuň labyzly okaýan şygyrlaryny diňlemek üçin öýümize ýygnanardylar.
Dädem haçandyr bir mahal mümkinçilik dörese, ata Watana dolanmagymy sargyt ederdi. Wah, ata Watanyň Garaşsyzlygyny görmedi o pahyr. Nesibesi ýok ekeni. Eger-de Garaşsyzlygy görenliginde ata ýurda gelip-gidip, onuň ösüşlerine göwni göterilip, heniz-henizler ýaşardy. Onuň gowy arzuwlary bardy ahyryn…
Daşy ýaryp, gül açan ykbalymyzdan, Gahryman Arkadagymyzdan müň keren hoşal, islän wagtymyz ata Watanymyza gelip-gidip ýörüs. Çagalarymyň ikisi ata Watanymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär öwrendiler. Hudaýa şükür, olar öz ugurlaryndan işläp ýörler. Bir oglum Türkmenistanda ýaşap, telekeçilik bilen meşgullanýar. Bu zatlaryň ählisi ata Watanyň Garaşsyzlygynyň bize beren peşgeşidir.
Oglum, indi dädemiň galdyran haty hakynda aýtsam, onda ata watanly dogan-garyndaşlarymyzyň birnäçesiniň ady bar eken. Ýöne olary yzlap bu sapar siz obalara gitmäge mümkinçilik bolmady.
— Begbaý aga, uçara münsek, bir sagada galman oba barýas. Bu meseläňizi şu günden gijä goýmaly. Men size petek alaýyn!
— Oglum, ol-a gowy bolardy welin, biz toparymyz bilen erte irden yzymyza dolanmakçy. Ýöne men ata Watana ýol ýasadym, indi bu ýola ot bitirmerin. Nesip bolsa, tizden ýene gelerin. Ana, şonda oba bararyn. Ýöne inim, oňa çenli sen kyn görmän, şu hatda ýazylanlary idäp berseň gowy bolardy.
— Ýaşuly, dädem goňşy obalaryň adamlaryny gowy tanaýar. Ol size hökman kömek eder. Indi arkaýynçylykda geliň, sizi myhmansöýer, türkana adamlaryň arasyna äkideýin.
— Bolýa, oglum. Adamçylykdyr, ynha, şunda telefon belgim, öý salgym, bärdäki oglumyň salgysy ýazylgydyr. Al, şu belgileri — diýip, ýaşuly Merdana salgynama kagyzjygyny uzatdy.
Merdan agrasdan gelen mylakatly, hoşgylaw ýaşulynyň garasy ýitýänçä yzyndan seredip galdy. Soňundanam, özi duýmazdan uludan bir demini goýberdi-de: «Obadaky garyndaşlaryňyzy hökman tapyp, dogan didaryna teşne dideleriňizde şatlyk uçgunyny görýänçäm ynjalmaryn, Begbaý aga. Men olary hökman taparyn!» diýip, ýuwaşja pyşyrdady…
Howludaky tuduň kölegesinde goýlan sekide tirsekläp çaý süzüp ýatan Geldi aga paýtagtdan döşi medally dolanan ogluny görüp, laňňa ýerinden galdy. Gysgaça hal-ahwal soraşykdan soň, Geldi aga:
— Oglum, saňa bir käse çaý bereýin, belki, gowy gürrüňler berersiň. Hany, iýen-içeniň özüňki, gören eşideniňden habar ber — diýdi.
— Baýramçylyk diýseň gowy geçdi, kaka. Goňşy ýurtly doganlarymyz hem elimi gysyp, gutladylar.
— Gahryman Arkadagymyz sag bolsun, daşary ýurtly türkmenlere ata Watanyň gapysyny giňden açdy. Owganystanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerlerinde dagy bilim, saglyk edaralaryny gurdurýar, demir ýol çekdirýär. Bular uly sogaply işlerdir, oglum.
— Hawa, kaka. Ýogsa-da, düýn eýranly türkmen ýaşula duşdum. Asly bärili eken. Ol ýaşulynyň adyna Begbaý aga diýýän ekenler. Salgy berşine görä, onuň aňyrsy biziň töwerekden ýaly. Onuň kakasy bir döwür Aktokaýda ýaşaýan garyndaşynyňka görme-görşe baryp, soň bäri geçip bilmändir. Onsoň, şol ýerde öýli-işikli bolup galyberipdir. Haçanda
amanadyny tabşyrmaly müddeti gelende bolsa, şu haty Tähranda okaýan ogluna gowşurmagy sargyt edipdir — diýip, Merdan ýaşulynyň özüne beren hatyny kakasyna uzatdy.
— Merdan jan, saňa çyn ýürekden ynanan eken-ow, ol ýaşuly. Ýogsa munuň ýaly zatlar hiç kime ynanylmaýar ahyryn. Şonuň üçin, oglum, sen ýaşulynyň ynamyny ödemelisiň, hökman neberelerini tapmalysyň. Bu işde özüm kömek ederin saňa.
— Sag boluň, kaka. Nesip bolsa, nebereleri tapylansoň, bu hatlary eýesine gaýtaryp bererin.
Geldi aga emaý bilen saralyp giden kagyzyň gatyny açdy. Ol birmeýdan hatyň ýüzüne seredip oturansoň, laňňa ýerinden galdy-da:
— Men häziriň özünde ilerki obada ýaşaýan Oraz daýymy görmeli. Ol togsana ser uran adam, bu hatdakylary tanaýmaly. Haýyrly işi ertire-de goýman, häzir ýola düşeýin.
— Kaka, menem gidäýeýin?!
— Ýok, oglum, öýe gelip-gidip duran bar. Birimiz bolmasak, gelşiksiz bolar — diýip, ýola düşen Geldi aga garaňkyny mazaly düşürip yzyna dolandy…
Bu mahal Merdany gutlap gelenleri ugradan maşgala agzalary bagyň aşagyndaky sekide çaý içýärdiler. Aňyrdan ýylgyryp gelýän kakasyna gözi düşen Merdan ýeňillik bilen dem aldy.
— Kaka, işler oňunamy?
— Hawa-la, oglum. Oraz daýym hem başyny ýassykdan göteräýdi. Ol, göwnüme bolmasa, ýigdelen ýaly boldy. Haty gaýta-gaýta okady. Tüweleme, henizem ýatan ýerinde kitap okap ýatyr. Biz-ä äýnek dakynybam zordan okaýas. Ol haty ýerde goýdy-da, meni garsa gujaklady. Özem gaty ejizledi: «Geldi jan, bular meniň daýy toparym» diýip, hamsykdy. Soňam: «Bularyň sag-salamat ýaşap ýörendikleri, daýymyň Begbaý diýen oglunyň Eýranyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň professorydygy hakynda daş gulakdan eşidipdim. Merdan janyň duşany şol ýaşuly bolmaly. Hany, Geldi jan, ertiriň özünde habar ýollaň, ölmänkäm ilerdäki daýylarymy bir göreýin» diýdi.
Bu habary eşiden Merdan:
— Kaka jan, gör, sen nähili sogap işi bitirdiň?! Men ertiriň özünde Begbaý aganyň Aşgabatdaky ogluna habar ýollaýyn. Bu habary eşitse Begbaý aga guş bolup uçup geler — diýip, göwnühoş ýylgyrdy…
Şeýdip, didary didara gowşurjak pursatlara ýol açyldy. Bu mahal Gahryman Arkadagymyzyň belent ynsanperwerligi bilen Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan ol ýol has şuglaly görünýärdi.