Didar
Didar
Ýyllar bize tär etmejek ýalydy,
Olar tär etmegiň tapypdyr tärin.
Çaga göwnüm bilen aýna seredip,
Bu gün öz-özümi tanaman durun.
Çaga göwnüm bilen seredip saňa,
«Beh, bu gözleň tanşdygny!» diýýärin.
Sen meni bagyşla, eziz klasdaş,
Ýöne mende şeýle bolýar käýarym.
Belki ýyllar keşbiň özgerden däldir,
Belki meň ýadyma düşendir gyraw.
Ýöne gözler bar-a… bu otly gözler
Ýene ýüz ýyldanam gözüm düşende
Çaga bakyşlarňy ýatladar durar.
Ömür diýeniňem pasyllary bar,
Güller açylanok möwriti geçse.
Adam şoň üçinem görk-görmege däl,
Adam şoň üçinem didara teşne.
Agageldi ITALMAZOW. Goşgular