|

Dertlerinden bu dünýäñ

Dertlerinden bu dünýäñ DERTLERINDEN BU DÜNÝÄÑ…

Dertlerinden bu dünýäň kemeldi-de takatym,
Käşgäm durman tersine aýlansa-da sagadym,
Käşkem meni eltsemiş, çagalygmyň döwrune,
Hemmeden zorly bolsa Däde janym göwnume.
Nirä gitse äkidip düşürüpjik yzyna,
Uklap galsam enäniň başym goýup dyzyna,
Egnimdäki köýnegim birden maňa giň bolsa,
Geýip ýören jalbarym bir görseň uzyn bolsa
Nämedigin bilmesem ýene-de gaýgy-gussaň
Şahadan üzüp ülje, şo durşuna ýuwutsam
Käşkem iň uly gaýgym, kitap-depderim bolsa
Bir owuç däne bilen, doýýan kepderim bolsa
Käşkem ýene kemala, gülüp-oýnap ýetsedim
Ünjä-iňkise batman, jahyl çykyp gezsedim
Her gülene bermezdim bu ýüregeň erkini
Güýz kimin saraltmazdym, gül meňzimi, görkümi
Özgerer, seň bu dünýäň, özgerilse garaýyş
Gaýtalanar müň gezek, bu buýsançly ýaşaýyş.

Musa GYZYLJA,
Eýranly türkmen şahyry. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle