|

Dert

Dert DERT

Dert

…Ýowuz uruşdanam, gytçylykdanam,
Has eýmenç bolarly garrylyk derdi.
Atajan Annaberdiýew

Uzak ýaşan, garrap giden bendäni,
Şo bir sorag bilen edenler bizar:
— Uzak ýaşamagyň syry nämede?
Sarganyň tutjakdan, aýt, ine, biz bar!

— Syr nämişlesin, how, aýylganç dertde,
Ajy bir ýylgyryp diýýämiş garry.
Gözlegňiz şu bolsa, saýlar hem seçer,
Özi gelip tapar, görmäň azary!

Gara çyndan bolsaň oňa höwesli,
Öň aňta, hossaryň mertmidir, gurply.
Ýa bolmanda zerurdygyn unutma,
Saglygyň hem pully sandygyň, gulply.

Ejize ezýetdir, garyba gamdyr,
Nämüçindir, ýaş-ýeleňe bildirmez.
Öldürib-ä öldürmez bu, garrylyk,
Güldüribem, güldürmez.

2024 ý.

Geldimyrat SEÝIDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle