Derhab
Derhab
Dagystanda
Her hiliräk söz bilen
Alkyşlap bilýärler,
Bilýärler gargap.
Ýöne bilgin, işiň mydam oň bolar —
Dargylaň dilinde diýilse —
«Derhab»!
Bu söze şeýle bir köp many sygýar,
Giň ol hat-da meý guýulýan meşikden.
Derhab! —
Dostum, hasyl bolsun arzuwyň,
Döwletli içeriň dolsun yşykdan!
Derhab!
Ertiriňiz haýyrly bolsun!
Eziz myhman size döwlet getirsin.
Ýigitler ýürekden söýen ýaryny
Ynjatmasyn —
Bal gününe batyrsyn,
Derhab!
Uzak bolsun oglanyň ýaöy!
Potology deşsin atan okuňyz.
Eger-de gyz inen bolsa jahana —
Ine, meý içmäge — ajap bahana!
Atyňy aldyryp uzak ýollara,
Eger indi galan bolsaň pyýada,
Derhab! —
Gamgyn bolma, gyýylma, gardaş
Atyň bolar —
Öňküňdenem zyýada.
Gözüň aýdyň, duşan bolsaň dostuňa,
Ejizleme —
Sataşsaň-da duşmana.
Derhab! —
Ýan bermesin egri gylyjyň,
Ak pata bereýin ýola düşmäge!
Derhab! —
Gorky-ürki ýat bolsun size,
Dergab! —
Mydam awun alsyn guşuňyz.
Geýen telpegiňiz haýbatly bolsun
Derhab! —
Mydam aman bolsun başyňyz!
Goý, hergiz dünýäde uruş bolmasyn,
Hiç haçan Şer Haýry ýeňmesin —
Derhab! —
Hergiz ynjytmasyn goňşy goňşysyn,
Dost dostyň göwnüen degmesin —
Derhab!
Ömrüm boýy aýdym aýdyp gelýärin —
Watana wepaly bolmagy sargap.
Ýekeje söz bilen
Müň ajap arzuw —
Edýärin men size, adamlar —
Derhab!
Resul GAMZATOW.
Terjime eden Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular