|

Depder

Depder DEPDER

Depder

Men seni gözümde ulaldypdyryn
Däl ekeniñ…
Ham ekeniñ owalam.
Ümsümlikden alýan men öz güýjümi
Maña görä däl bu gopgun, şagalañ.

Kime,
Nä sebäpli gargynyp ýörsüñ?
Ýok sözüñ üstünde turuzýañ jenjel.
Bu gohlar ömrüñe, ruhuña zyýan
Men jogap berjek däl,
Gowusy, ynjal!

Hiç kimse hiç kimsäñ ýoluny tutmaz,
Her molla öz bilýän ugruna çeker.
Başarmadyñ maña ynam etmegi,
Mollasy köp çebiş harama çykar.

Şamçyrag bolarsyñ öýtdüm ýoluma
Gün düşmedik derelerme Aý etdim.
A sen meni bir gezegem görmedik
Esgilere, egsiklere taý etdiñ.

Uzakda ýaşadym hyşy-wyşydan,
Çakyñdan akdyr meñ amal depderim.
Wah, ýene nämeler diýer eşiden,
Men seni gözümde ulaldypdyryn…

Has TÜRKMEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle