|

«Depäme seretsem, ganat gerip dur…»

"Depäme seretsem, ganat gerip dur…" «DEPÄME SERETSEM, GANAT GERIP DUR…»

Depäme seretsem, ganat gerip dur,
Bir uly guş,
Meger, çaýçaňňalakdyr.

Tüpeň ýok, garasam eginlerime,
Gynandym!
Gynandym, begenme ýerne.

Guş gitdi,
utandym özümden özüm,
Tüpeň bolnada-da oňa dözmezdim.

(Çöle aw däl, rahat küýsäp gelýän-ä)
Onda atmak nirden geldi kelläme???

Her näme-de bolsa, guş galdy aman,
Hem menem saklandym ganyna galman.

• GIDELI

Hoş gal juwanlygym,
göwnüň syrçasy
Menden synan bolsa,
geçirewergin,
Takdyryňdan müň bir razydyryn,
Gowlukda ýatlanar ejiriň-görgiň.

Söýgim,
Ýarymgöwün syrdaşym meniň,
Söýülmedim diýip egniň gysmagyn.
baran ýerlerinde sag gezseler bor,
Ýalka olaň aýra düşen kysmatyn.

Çüw atym bolup dur ömür sallary,
Owadan ýaşlygyň permany rowan.
Orta ýola ýetdim,
Algyr bedewim,
Büdreme, sallary edeli dowam.

Guldurdy SÄHETDURDYÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 24.09.1982 ý.. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle