Deñizleriñ aşagynda ýaşaýan geñ-tañsy jandar
Deñizleriñ aşagynda ýaşaýan geñ-tañsy jandar
DEÑIZLERIÑ AŞAGYNDA ÝAŞAÝAN GEÑ-TAÑSY JANDAR
Islandiýaly birnäçe geologyñ deñiz astynda wideosurata düşüren "jandarlary" görenleri haýrana goýdy.
"Discovery Channel" teleýaýlymynda efire goýberilen bu dokumental epizodlar dünýä derejesinde gyzyklanma döretdi. Islandiýaly geologlar suwasty nebit känlerini gözläp tapmak maksady bilem deñiziñ astyna aralaşdylar. Şonda olar deñiziñ astynda geñsi sesleri eşitdiler.
■ Suwasty syrly jandar
Häzire çenli deñiz astynda görlüp-eşdilmedik sesler… Deñizşynas alymlaryñam henize çenli duş gelmedik bu sesiñ nämäñ sesidigini anyklamak için geologlardan düzülen topar ikilenç suwasty gämi bilen okeanyñ çuñluklaryna indi. Suw astyndaky öñ eşden seslerini ýene bir gezek eşiden barlagçylar dessine wideokamerany işletdiler. Edil şol wagtam suwasty gäminiñ aýnasyna elleri bilen tyrkyldadyp urýan jandary görenler aññalyp galdy. Alymlar wideoşekilli delillere we birnäçe harby gullukçynyñ beren görkezmesine esaslanyp hakykat ýüzünde barlygy subut edilmäge çalşylýan suw perileriniñ aslynda adam jynsynyñ millionlarça ýyl bäri suw astynda ýaşap gelýän bir görnüşidir diýip çaklaýarlar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar