|

Deňeşdirme

Deňeşdirme DEŇEŞDIRME

Nämä dänçerýärsiň şäherli hanym
Bir putluk torbaňy göterip bilmän?!
Gör, anha, pagtaçy gelniň egninde
Goçak goşa fartuk atyp dur hallan.

Alyp barýan epgegem ýok bu güýzüň,
Sen bolsa derleýäň, ah, burçak-burçak.
Emma seret, howaň jöwzasyny däl,
Öz ýükünem duýman gelýär bir gerçek.

Gowaçalar fartuklardan aslyşýar,
Miwelerin gaýdyp aljak mysaly.
Emma baş berenok pagtaçy gelin
Ertekileň gerçek pälwany ýaly.

Sülük barmaklarňy dözmersiň işe,
Ony çaňňalaklaň çyzmagy ahmal.
Ýöne meň göwnüme çyzylan elleň
Gözelligi seniň elleňdän kem däl.

Awtobusa münseň, ýer gerek saňa,
Ýogsam halys gurşup gidendir eliň.
…Uzyn günüň argynlygyndan soňam
Pyýadaja barýar pagtaçy gelin.

09. 05. 2010 ýyl Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle