|

Deňagramlyk pelsepesi

Deňagramlyk pelsepesi DEŇAGRAMLYK PELSEPESI

Giň ummanyň gözelligini synlap,
Gaýyga atlanyp ugradym seýle.
Heý, öňünden bilýän barmy,
alnynda
işleň boljagny beýle…

Ine-de, albaýa öwrüldi birden,
Güne lowurdaýan deňiziň düri.
Kenardan ep-esili açamda ara,
Döwüldi gämimiň bir ýan küregi.

Sesim eşdilerden uzakda kenar,
Çarlaklar ahwalym aňmazlar asla.
Bir çasly saňňyldap çaýkanýan gaýgym,
Birden äpet tolkun bagryna bassa…

Howsala,
alada oklaýar kalba,
Kenardan öwüsip, güýjeýän şemal.
Ol gazabna tutup, çaýkasa deňzi,
Onuň jümmüşine gitmegim ahmal.

Tolkunlar kyýamat namasyn aýtsa,
Çygjaran ýüzümi şemal ýelpedi.
Ýowuz gelip, takdyr kejine tutsa,
Meger şu ýerdedir dünýäň serhedi.

Iş boldy,
düýş boldy,
birden giç boldy,
Gämide saklamak deňagramlygy.
(Diňe şoňa bagly eken durmuşyň
Süýjülikde boljak dowamlylygy).

Bilýän eken meniň eziz enem jan,
Bu işleriň boljagyny bir çakda.
Irmän hem ýadaman, gije hem gündiz,
Üwrän eken ýumşajyk sallançakda.

Gaýyk bilen sallançagyň parhy ýok,
Umman ýowuz, enem welin mähirli.
Ol hüwdüsin aýdanynda
heňin däl,
Gowy bordy diňlän bolsam äheňni…

“Arşdaky eziz Allam
Soldurmasyn meňziňi.
Ýadama-da kürekle
Durmuşyň giň deňzini.
Huwa, guzym, huw-a, hu-hu!..”

Ertire umytly dikip nazaryn,
Maňa uly ündew beripdir atam.
Deňagramlyk saklamagyň mydama
Gerekdigin bilmändigimde hatam.

Maňa ol tigiri äbereninde,
Ak-garany saýgararça oglandym.
Ony şatlyk, oýun saýanym üçin,
Tolkunlaryň arasynda towlandym.

Umman gazabna duşup,
Kürek gitdi bir ýana,
Gaýyk gitdi bir ýana.
Tolkunlaň arasyndan
Gelejege umydym
Gaýyp gitdi bir ýana.

Bu gazaby görmedikler ynanmaz.
Meger bu ummanyň seri humarda.
…Bu synagy Allaň,
sylagy Allaň,
Gözüm açsam, ýatyryn men kenarda. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle