Deň duşluk teýenesi
Deň duşluk teýenesi
«Guduramaň saça gyraw düşensoň…»
B. Hudaýnazarow
Sekiz ýaşymyzda guduramadyk –
Başymyzda döwdük günüň gatysyn.
On dört ýaşymyzda guduramadyk –
Sen enesiz galdyň,
Menem atasyz.
Bizi On alty hem guduratmady:
Ataň çeken ýükün göterdi gerden.
Saňa bolsa ykbal
Hem-ä enäniň
Hemem ataň ýükün ynandy birden.
Şol ýüküň astynda gyz söýen bolup,
Ötdük On sekiziň däliliginden..
Iller däli wagty
ýetim kellämiz
Yranýardy «akyl dolulygyndan».
…Indi bolsa saçymyzyň üstüne
Ýuwaş-ýuwaş düşüp başlapdyr gyraw.
Gar düşmänkä
guduraly az-owlak.
Şükür keýpimiz kök,
Janymyz zarow!.. Goşgular