Demirel, Özal we Inönü…
Demirel, Özal we Inönü…
Öñki ýolbaşçylar henek atyşmagy gowy görýän degişgen adamlar eken…
Henek näme? Henek — hoşniýetlilik, adamlaryñ biri-birlerine düşunişmegidir.
Türkiýäniñ merhum Prezidenti Turgut Özal aşa semiz, Erdal Inönü bolsa inçemik, hor adam bolupdyr.
Baýramçylyk günleriniñ birinde Turgut Özal Erdal Inönä:
— Seni gören ýurtda gytçylyk bardyr öýder, birazajyk iýjek bol, Erdal beý — diýenden, Erdal Inönü oña jogabyny şapladypdyr:
— Hormatly Özal, seni görenem bu gytçylygyñ sebäbine derrew düşüner!
Ýene bir baýramçylykda Süleýman Demirelden sorapdyrlar:
— Ýurduñ ýagdaýyny bir söz bilen aýdyp bilersiñizmi?
Demirel:
— Bir söz aýtmaly bolsa «Gowy»! — diýýär we sözüniñ üstüni ýetirýär: — Emma iki söz bilen aýtmaly bolsa «Gowy däl!» Degişmeler