De­mir­ga­zyk no­wel­la­sy (He­ka­ýa)

De­mir­ga­zyk no­wel­la­sy (He­ka­ýa)

Ýewgeniý MARYSAÝEW,
rus ýazyjysy

Goja kaýur ( Kaýur — Demirgazykda it ýa-da sugun goşulan nartalary sürýän adam. ) ewenk ( Ewenkler — Ewenkiýada we Gündogar Sibiriň käbir etraplarynda ýaşaýan halk.) Makar sugunlary saklady-da, meň ýanyma gelip, şeýle diýdi:

— Ula-Han jülgesinde mekan tutan ýedi sany ýitigöz bürgüdiň saýgarmajak zatlaryny sendäki iblis göreçler görüp biler. Haýyş edýän, ony maňa bersene… Dört gije-gündizläp şonuň bilen daş-töwerege seretjek.

Heý-de Makara ýok diýip bolarmy. Meniň oňa bir ýagşylyk edesim gelýärdi.

Diýseň görgür dürbimi ewenke uzadamsoň, özüm aňşyrmazdan onuň gepleýiş äheňine öýkündim:

— Goý, seniň gözleriň ýaş bürgüdiňki kimin ýiti bolsun! Muny menden saňa sowgat saý.

Makar dürbini edil ýaňy-ja dünýä inen bäbegi gujagyna alyşlary kimin iki elini öňe uzadyp, seresaplylyk bilen aldy-da, bada-bat garyň üstünde ornaşdy. Men buz baglan nartalary ( Narta — Demirgazykda ite we suguna goşulýan uzyn gararaba.) gözden geçirýärkäm, ol aldajy aňzaga pisint etmän ep-esli wagtlap uzakdaky depelere çäksiz maza bilen seretdi. Ol haýran galmasyny «Bäh-bäh!» edip zol-zol daşyna çykarýardy.

Günortana golaý aýaz gazabyna tutdy.

Häzir ne nartalar, ne sugunlar, ne-de Makaryň özi görünýärdi. Olary öňümden ýaýdan sypan ýaly bolup barýan bug buludyndan aňşyryp bilýärdim. Beý diýseň, öz sugunlarymam görnenokdy. Olaryň haýdap barýanyny bug perdesiniň arasyndan käýarym göze ilip gidýän tüýlek toýnaklardan bilýärdim.

Birdenkä öňdäki bug buludy saklandy. Men buludyň däl-de, Makaryň nartalarynyň daýanandygyna giç düşündim. Muny diňe öňümde öz ýoldaşymy göremde bilip galdym. Aýaklary altynsow zer bilen keşdelenen ýumşakdan ýyljajyk sugun kamusly, ( Kamus — Lyžalaryň aşagyna urmak ýa-da aýakgap taýýarlamak üçin sugunyň we towşanyň aýagyndan alynýan sütük.) egni it derisinden tikilen galyň içmekli, başy sütük papakly ýoldaşym ynsandan beter, taýga aýuwyna çalym edýärdi.

Elimden horeýi ( Horeý — Sugunlara ýa-da itlere goşulýan tirkegleri dolandyrmak üçin ulanylýan uzyn çybyk. ) alyp durşuna:

— Üşediňmi? — diýip sorady.

Men üşändigimi, bir ýerlerde düşläp, garbanmak isleýändigimi aýtdym.

Makar haý diýmän possunyny çykardy-da, egnimdäki kelte içmegimiň iliklerini ýazdyrdy. Onuň muny sypaýyçylykdan etmeýändigini bilsemem, az-kem hötjetlik eden boldum. Özüň üşeseňem, ýoldaşyňy ýylatmak — taýganyň ýazylmadyk kanunydyr.

Makaryň possunyny egnime atamsoň, süňňüme ýakymly ýylylyk ornady. Men köne we agramlyja sapançamy guşagyma gysdyrdym-da, daş-töweregime garanjakladym.

Iňrik garalyp başlapdy. Äpet gyrmyzy Gün tegelegi özüniň köz ýaly gyzgyn tyglary bilen gaýanyň diş-diş gerişlerine bat bilen uruldy-da, hut şol ýerde doňup galan dek gymyldaman duruberdi. Ýer ýüzüne sowuk-sala we biperwaý garaýan asman tutuşlygyna goýy gyrmyzy reňkdedi. Günbatarda gök ýüzi buza dönen gyp-gyrmyzy adajyklara dönüşip gidýärdi. Diýmek, güýçli aýaza garaşybermeli!

Diňe günortanlar öçügsileşse-de, bütinleý gözden gaýyp bolmaýan ýyldyzlar edil janly deýin gyrpyldaşyp, tans edişip başladylar. Daglaryň we taýganyň göm-göklügini şapagyň uzyndan-uzyn ýiti şöhleleri böwsüp geçýärdi, ol edil bengal ýalyny deýin tutaşýardy. Howada birgeňsi owaz ýaňlanyp duran ýalydy.

Aşakda düýpsüz ýapbaşyga çalym edýän Ula-Han deresi uzalyp gidýärdi. Öňe çykyp duran kert granit gaýaly bu insiz dere, has dogrusy, uçuda meňzeýärdi. Deräniň düýbüne inmek gaty çetindi, ol ýerlere heniz adam aýagy basmandy. Rowaýata görä, iblis adam üçin ähli zatdan derwaýys bolan Ody aldaw bilen şol ýere gabawa salypmyş. Indem ol ragbatsyz halda, gahar-gazap bilen iňňildäp özüni gaýalara urýarmyş.

Hakykatdanam, uçutdan ýokarlygyna birgeňsi tüsse göterilýär, şeýle-de, assajadan howsalaly güwwüldi eşidilýär. Onuň nämedigini welin bilýän ýok.

Bu illere iş sapary bilen syýahata gelen partiýa ýolbaşçysy Sergeý o taýda wulkan jisimleriniň bolaýmagynyň ähtimaldygyny aýdypdy.

Makar ewenklere mahsus dessury berjaý etmäge durdy. Owalam ençeme gezekler görendigime garamazdan, bu sahna hiç ýüregime düşmeýärdi. Dikanlap seredip durmagy, birhili, aýyp hasaplap, sowuk kakan ýaňagyma güýmenenden bolup, ony ogrynça synlardym.

Makar deräň üstüne abanyp duran buz baglan çykyda bardy-da, dyzyna çökdi. Soňra ellerini ýokaryk göterip, öz ene dilinde kä ýaňyltmaç şekilinde çalt-çalt, käte bolsa sokduryp gepledi. Aşakdan başga bir ses onuň sözlerini gaýtalaýardy. Ol al-arwah bilen gepleşýärdi:

— Sen adamlara ýagşylyk edýäni sebäpli hilegärlik bilen Ody — gujurly we çeýe nowjuwany Ula-Hanyň gaýalarynyň arasynda gysajyňa saldyň. Emma dilsiz-agyzsyz daşlaram seň garşyňa çykdylar, olar köz deýin gyzyp, adama ýylylyk berdiler. Men seni ýekirýän, Ody bolsa mübärekleýän!

Men birneme ýylanmak hem garbanmak üçin ot ýakmagyň ugruna çykdym. Birdenkä aýylganç adam sesi töweregi ýaňlandyryp gitdi. Makar taýyp, uçuda ýykylandyr diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda kelläme geldi.

Men dessine beýläme öwrüldim. Makar maňa tarap gelýärdi. Onuň dodaklary berk ýumulgydy. Ýaňky ses ýene-de gaýtalandy. Gygyrýan ynsandy, muňa hiç hili şübhe ýokdy. Kimkä ol? Bu ýerlerde — iň ýakyn obadan ýüz çakrym uzaklykda näme işläp ýörkä?

Biz nartalara okduryldyk. Ses kesilenokdy. Biz saklamasagam, sugunlaryň özi aýak çekipdi.

Uçudyň garşy tarapy gar syrgyny zerarly tozap durdy. Hä diýmän asmana oduň ýalynly gollary göteriläýjek ýaly görünýärdi. Äpet taýga möjekleriniň ordasy ene losy uçudyň gyrasyna gabapdyr. Ýyrtyjy haýwanlar öte aç borly, garynlary tazynyňky kimin içine çekilip durdy.

Ýaňky ses ene losdan çykýan eken. Ol syrtaryşyp duran gyýakly ýyrtyjylaryň hataryny iki gezek dagy böwüsmäge çalyşdy, olara artky aýaklary bilen esli ýola toýnagam saldy. Eýýäm iki möjek kellesi ýarylan halda garyň üstünde dem-düýtsüz serlip ýatyrdy. Garnyndan ýaralanan ýene bir möjek gaçmaga çalyşýardy.

Olardan iň irimçigi bolan alny sakar börini didiwana mündürdim. Şol wagt sapançamyň üstüne Makaryň eli gondy.

— Ene losa namysjaň bürgüt kimin amanadyny tabşyrmak buýrulypdyr. Sen, näme, onuň myrtar it ýaly ýarasy zerarly gatap galaryny isleýärmiň?

Onuň bu sözlerinde garşy çykyp bolmaýan birgeňsi jadylaýjylyk, namysjaňlyk syzylýardy.

Aslynda, Makar mamlady. Möjekleri ýekän-ýekän tükgerdäýenimde-de, bu uzak aralykdan beýdäýmek welin aňsat düşmez, munuň ene losa haýry degmez. Barybir, ol dözümli böri dişleriniň salan agyr ýaralaryndan heläk bolar.

Men Makara seretdim. Onuň hemişe meni ýylgyrmaga mejbur edýän çaganyňky deýin sada ýüz keşbinden derek galmandyr. Häzir onuň dana weliden tapawudy ýokdy.

Makaryň sözleri hem parasatly ýaňlandy:

— Ajal ýeke bolmaz…

Ene losuň nalamasy duýdansyz kesildi. Ol ýuwaşlyk bilen süýrenip, uçudyň gyrasyna bardy we öň aýaklaryny granit gaýadan aşaklygyna sallap ýatyberdi.

Makar:

— Ah, sen içigaragalmyş! — diýip gygyrdy-da, gysga nilli tüpeňini egninden çekip aldy.

Ene los, göýä diýersiň, onuň gazaply sesini eşidip, oňa tabyn bolýan dek uçutdan sypyp, özüni boşluga goýberdi. Onuň agyr göwresi çykytlaryň birine batly uruldy-da, aşaklygyna gaýtdy.

Toýnaklaryň biçak güýçli dükürdisine tisginip gitdim. Demim tutuldy…

Ene losuň uçutdan aşak gaýdan ýerinde daýawdan döşlek erkek los peýda bolupdy. Ol boýnuny süýndürip, uçuda garap molaýardy we öň aýaklarynyň toýnaklaryny buza urýardy.

Degresini halka deýin gurşap alan möjek sürüsi oňa barha ýakynlaşýardy. Erkek los birden beýlesine öwrüldi-de, gazap bilen alny sakar möjege tarap okduryldy. Ony şahyna ildirip, ýokary göterdi we göýä, ýeňiji mysaly bir aýlaw edip, ylgawyna bat bilen uçuda bökdi.

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle