|

Dawud patyşa hakda rowaýat

Dawud patyşa hakda rowaýat DAWUD PATYŞA HAKDA ROWAÝAT

Dawud patyşa hakda rowaýat

Dawud patyşa sowal beren Ezraýyla:
«Hepdäñ haýsy güni janym alarsen!»
Ezraýyl hem jogap gaýtaran oña:
«Jan almaga şenbe güni gelermen».

Dawudy kän oýlandy gutulmañ ýolun,
Ýada saldy Töwrat okaýan çagy
adama Ezraýlyñ degmeýänini.
Ele alyp her şenbede kitabyn,
Gaýtalady doga-sürelerini…

Emma bir gün Dawud okap otyrka,
Gulagyna goh-galmagal eşdilýär.
Ol bu sese köşkden ylgap barýarka
Büdräp, seri harsañ daşa urulýar…
Ezraýyl şolbada janyny alýar.

Netije: Kysmatdan gutulma ýok.

Hemra HUDAÝGULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle