|

Dawa

Dawa DAWA

Agzymdan gelenini ýüzüne diýdim.
Depesinden
gargyş baryn ýagdyrdym.
Hern-ä, el galdyryp
ýençmedim ony,
beren sadakalam gorady meni.

Şabyrdap geçensoň
öýlänçi ýagyş,
durlandy aklym:
ony kiçeltmegi,
ýa ynjytmagy
islemändim men.

Kalbyna ýerleşen
zalym arwahy,
kowmakçy boldum
(dogrusy, başardym
bu agyr işi).

Ony kowmak üçin
kömek soradym,
öz arwahymdan.

Şere garşy şer ulandym,
haýry degmez diýip Perişdäň.
Onuň şerin kowdum
— menden aýrylmaz,
mydam taýyn duran
öz şerim bilen.

Taýyn ol göýä,
aýratyn tabşyryk üçin
tälim berlen ýabany haýwan ýaly.

Ýan RYBOWIÇ.

Terjime: Mango. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle