|

Daşary ýurtdan reportaž

Daşary ýurtdan reportaž DAŞARY ÝURTDAN REPORTAŽ

Bu ýerde guduzlan ganjyga meñzeş
Urşuñ howsalasy bagryñy dilýär.
Ýetimleñ gözýaşy monjuga meñzeş,
Ene toprak yzgar çekip ezilýär.
Bu-da az,
Ýer-de az,
o jellatlara
Dünýäni dar dörüp syhýarlar çarhy.
Betniýetli girip gizlin jaýlara
Bombalañ güýjüne kesýärler nyrhy.

Ömürler öçmesin, öýler ýanmasyn,
Ýatsyzlar birsalym diñlesin böwrün.
Indi bir geçmişler gaýtalanmasyn,
Bir bolup goragna çykalyñ döwrüñ.

Saklanyñ jeñbazlar!
Bes ediñ urşy!
Erediñ!
Güm ediñ ajal güllesin.
Ýok ediñ atomy!
Dünýäniñ durşy
Tutuşlygna rahatlykda güllesin!

Ýer şary baý bolsun Gül biten Çaga,
Erkana ýüzeliñ dört okeany.
Şu islegde geldim gürrüñ bermäge
Bir çak Ýaponiýada bolan wakany.

…Nagasaki — 45, tomus jöwzasy,
(Ýaponiýañ çäginde pulsuz oñmak kyn)
Süñke ýetýär işsizligiñ yzasy,
Ölmek ýaşamakdanam on esse ýakyn.

Nirde? Kwantunda gulluk edenker?
— Öldüler namysdan garnyn pyçaklap.
Gelmezmikä?
Geçýär içýakgyç günler.
Hossarlar umytly garaşýar ýoklap.

Biri wagtyhoş ýaşaýar dünýäde,
Biri onuñ üçin çekmeli azap.
Garaşmak gowlugy bermeýär wada,
Bu neneñsi ykbal?
Bu nähili zat?
Hatyrañy deñemeli ýer bilen
Eklenç etmek üçin,
Ýaşamak üçin…
Baş goşup bir jalaý ofiser üçin
Iki hepde bäri gün görýär Lu-sin.

Krowatda ýatyr çagasy gaýym,
Ýaz bolsa-da ýapyp ýuka odeýala,
Gitdi hesret bilen gülüp mylaýym
«Magşugyñ» ýanyna çuññur podwala.

Gitdi ýene biraz gazanç etmäge,
Gitdi namys-haýasyny satmaga.
Podwalyñ içinde ýene-de bir jaý,
Pynhan işler üçin tümlük göwnejaý.

Şol pursat,
Şol wagt,
Şu mahal.
Şo hal
Kyrk bäşinji ýylyñ tomus günleri,
Kartadan öçürmek edildi hyýal
Başam barmak deýin Ýaponiýañ ýerin.

Şol pursat,
Şol wagt,
Şol mahal,
Şo hal…
Titredi Ýaponiýa,
Titredi podwal.

Ot düşüp Lu-siniñ was-was janyna
«Magşugy» elinden mäkäm gyssa-da,
Ylgap çykdy perzendiniñ ýanyna.
Älem ýanýar,
Hopugýar çal tüssede.

Batyp howsalanyñ — gorkyñ derine,
Seretdi çaganyñ ýatan ýerine.
Onuñ gulaklary gapyldy eýýäm,
Ne-de ýakyp barýan yssyny duýýar.
Kömür bolan poldan barşyna ýöräp,
Dört ýaşly çaganyñ ýüzüne garap,
Ýapon odeýalyn aýyrjak boldy
Eý-waý!
Elleri yp-yssy kül bilen doldy.

Juwan ene ýanýar ikiýanlaýyn,
Ýañagynda bugardyp gözýaşyny.
Eli sypalanda çagañ mañlaýyn
Çöküp gitdi sypyryp kül gaşyny.
Şonda ýaldyraşyp günäsiz gözler,
Enäniñ ýüzüne eýledi gözleg.
Neneñai gudratdyr diýdi, birden hem
Kül bolan dodaklar birnäçe sözlem.

— Uruş gutarmadymy?
Nä aglaýañ, eje jan!
Süpür, gözýaşyñ, süpür,
Bakma beýle naýynjar.
Gözüm ýumasym gelýär,
Ýumulmaýar eje jan!
Ak süýt içesim gelýär,
Golçam nirde, mährihan! —

Pyşyrdy gutardy, ala gözlerden,
Neresse gözlerden, çaga gözlerden,
Ene mähir bilen ogşajak boldy,
Ah,
Gözlerem küldi…
Agzyna doldy.

Abdyreşit TAŞOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle