|

Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti

Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti DAŞARY ÝURTDAN GELEN TÜRKMENIÑ AŞGABATLY GARYNDAŞY BILEN SÖHBETI

Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti

—Eýesin depermiş semrände eşek.
—Aý, öz eşegmiz-dä, gylaw alýa-da.
—Hany, namysa-da ýeten ýaly şek?
—Aý, namysdan ölen barmy, bolýa-da…

—Millet guldan beter ezilýän eken.
—Ýene şükür, türme mundan aňsatmy?!
—Adam hukuklary bozulýan eken.
—O diýýäniň näme, iýilýän zatmy?!

—Gabra itýärmişler ýuwaş-ýuwaşdan,
—Aý, göni gyrmaga çekinerler-dä.
—Saňa nä ýetenok bolelin aşdan?!
—Aý, bir boldum edip, çekilerler-dä.

—Duluňdaky saçagam-a boş ýatyr!
—Aý, iliňem bizden artyk güni ýok.
—Alnyňda bahar ýok, diňe gyş ýatyr!
—Aýlawly gürleme, hiç zat bilemok.

—Öýüň iç-daşam-a kirmi, hapamy?
—Oňa derek asmanymyz arassa.
—Haçan doýurjak ol ýeke gapany?
—Aý, iýse-iýsin-dä, ýetim neresse.

—Bilýäňmi haýwanyň iň bir mekirni?
—Goýsana şu gepi, gözüm çekedir.
—Dur onda, Hudaýyň ikimi, birmi?
—Allajan ýekedir, özem—tekedir!

Şirаly NURMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle