| |

Daş ederis / intermediýa

Daş ederis / intermediýa

DAŞ EDERIS

— Salawmaleýkim! Armaweriñ!
— Bar boluñ!
— Bagyşlañ, men radionyñ habarçysy, pagtaçylar barada gepleşik taýýarlaýan.
— Asylly käriñiz bar eken, köşek.
— Men sizden bir zat sorajak bolýan.
— Baş üstüne, sorañ.
— Mendäki bar bolan maglumatlara görä, Siziñ kolhozyñyzyñ pagta plany gaty yzda süýrenýä. Näme, size iş şertlerini döredenoklarmy?!
— Döredýärler.
— Çaý-suw, gyzgyn nahar bilen üpjünçiligiñiz nähili?
— Gül ýaly. Näçe iýsek, ýaşajyk göle etini berýärler. Çaý diýýäniñ-ä, näme, ho, akyp ýatan suwy gaýnadybermeli. Günuzyn iýip-içip ýatyrys.
— Iş üstüne gazet-žurnal getirýälermi?!
— Okalgaçymyz haçan görseñ pagtañ içinde aýlanyp ýör, eli gazet-žurnally. Hezil berýä, uly güýmenje bolýa. Ynha, ýañy sen gelmäkäñ "Огонёк" žurnalyny okap otyrdym. Baý, bu, Staliniñ üstünden düşýäler-aý. Şo dünýä inmedik bolsa kimiñ gürrüñini ederdilerkä?
— Ölen adamdan gaýtawul bolanok how, ýaşuly. Düşün ahyry. Hany, o meseläni çözmek ikimize galmandyr-la. Gürrüñimizi dowam etdireli. Ýogsa-da, leksiý zat okalýamy, iş üstünde?
— Gürrüñimiz-ä ýetýä, how. Şun irdenem biri gelip "Gemrijiler we olaryñ halk hojalygyna ýetirýän zyýanlary hakynda" leksiýa okady, bir sagada golaý.
— Wiý, ýogsa-da çeper höwesjeñler çykyş edýämi?
— Hezil berýäler, iş etmän diñleýäs. Käte özümiñsm hiñlenäýmejigim bar, aýdyp bereýinmi?
— Häzir aýdym diñläp oturmaga wagt ýok, sag boluñ! Söwda hyzmatyndan göwnüñiz suw içýämi?
— Awtolawka häli-şindi aýlanyp ýör aramyzda, içi boşam bolsa.
— Pagta ýygýan maşynlaryñyz barmy?
— Kän. Hon-ha, hatarlanyşyp durlar.
— Onda size näme ýetenok, ýaşuly?
— Pagta!
— Hä? Näme?
— Pagta diýýän, pagta ýetenok, ýygar ýaly.
— O-ho-how! Onda-da pagta planyñyzy dolarsyñyz-la?!
— Dagy näme! Daş ederis.

Täçmämmet JÜRDEKOW.

Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle