|

Darbaz bilen eşek

Darbaz bilen eşek DARBAZ BILEN EŞEK

Darbazyñ biri eşegini idip bazara gelipdir.
Başga bir darbaz oña golaýlaşyp:
— Eşek näçeden? — diýip soraýar.
— Müñ lira!
— Al bärik eşegi, ber eliñi söwdalaşaly!
Birküç kişi müşderiniñ gulagyna pyşyrdapdyr:
— Göreñokmy näme, bu eşek agsak ahyryn. Şoñ üçin arzan satýar!
— Eşek agsak däl, barmagynyñ arasyna daş gaçypdyr. Şoñ üçin ony agsakdyr öýdüp arzan satjak bolýar!
Eşek satana aýdypdyrlar:
— Eşegiñ agsagam däl eken-ä, barmagyna daş gaçanmyş!
Satyjy loh-loh gülüpdir:
— Eşeg-ä agsaklygyna agsak welin, başga hili pikir etsinler diýip, barmagynyñ arasyna daşy men goýdum!
Müşderiniñ ýanyna ylgapdyrlar:
— Bu eşek çyndanam agsak eken-ä. Daşy oñ eýesi goýan eken. Gördüñmi, senem aldady, pulunam aldy!
Müşderi zeýrenmäge başlapdyr:
— Wah, haramzada diýsäni! Eger galp pul bermedik bolsam jürümi dikäýjek eken-ow!..

Ine, şu döwrüñ adamlarynyñ ahlak gurluşynyñ gysgaça beýany şular ýalak…
Ýalan sözleýänlerini bilýäris.
Ýalan sözleýänlerini bilýärler.
Ýalan sözleýänlerini bilýänimizi bilýärler.
Ýalan sözleýänlerini bilýänimizi bilýänlerini bilýäris.
Emma şonda-da ýalan sözläp ýörler.
Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle