Daragtlar kagyz ýüzünde ösmeýär (Hekaýa)

Daragtlar kagyz ýüzünde ösmeýär (Hekaýa)

Raşad Abu ŞAWIR,
palestinaly ýazyjy

Raşad Abu Şawir 1942-nji ýylda Palestinada dogulýar. Ol «Söýgi we matam günleri» (1973), «Söýgülimiň gursagyndaky agy» (1974), «Aşyk-magşuklar» (1978), «Taňry ýedinji gün dynç almady» (1986) atly romanlaryň, «Ýaşalan günler hakda ýatlamalar» (1979), «Çerepisa üçekli ýaşyl öý» (1974), «Sähra taýçanagy» (1977), «Daragtlar kagyz ýüzünde ösmeýär» (1977) atly hekaýalary öz içine alýan ýygyndynyň, «Jasminiň ysy» (1978), «Bal mekany» (1979) atly çagalar üçin kitaplaryň, «Ah Beýrut!» (1983 ) atly publisistik eserler ýygyndysynyň awtorydyr.

(Atam we dostum Mahmud
Abu Şawire bagyşlanýar).

1

Mugallym şeýle diýdi:

— Çagalar, biz şu günki sapagymyzda pyrtykal agajynyň suratyny çekeris.

Fahd elini galdyryp:

— Ussat, men hiç haçan pyrtykal agajynyň nähili ösýändigini görmedim — diýdi.

Mugallym:

— Men häzir size onuň suratyny çekip bereýin — diýdi-de, reňkli hekjagazlar bilen tagtanyň ýüzünde ýaşyl ýapraklara we mämişi miwelere basyrylan daragtyň suratyny çekmäge başlady. Çekip bolandan soň, ol:

— Ine, ol nähili eken, çagalar, ýöne pyrtykal agajy üçin aýratyn toprak gerek… — diýdi.

Jaň kakyldy, okuwçylar surat depderlerini ýygnaşdyrdylar-da, synp otagyndan çykyp başladylar, şol pursat olary mugallym saklady-da, şeýle diýdi:

— Şu gün siz ajaýyp miweli pyrtykal agajynyň suratyny çekdiňiz, indiki sapaga çenli ony emaý bilen reňkläň.

2

Fahd öýde suraty yhlas bilen reňkläp oturyşyna, kakasyndan sorady:

— Kaka, zeýtun agajy bilen pyrtykal agajynyň arasynda näme tapawut bar?

— Oglum, zeýtun daglarda ösýär, ýapraklaram edil guşuň diljagazy ýaly insiz, dilkawja, pyrtykal agaçlary bolsa çägeli toprakda bitýär, onuň ýapraklary zeýtunyňkydan ýasyrak, miwelerem onuňkydan iriräk.

Fahd oýlanyp oturyşyna:

— Men zeýtuny kän gördüm, ýöne pyrtykal agajyny welin, ömrümde bir gezegem görmedim — diýdi.

— Biziň ýurdumyzda pyrtykal agaçlary gaty kän, ýöne… ― diýdi-de, kakasy sesini kesdi.

— Eýsem, olary şu taýda ekseň bolmaýarmy?

— Ýok, oglum, pyrtykal agajy çem gelen ýerde ösenok. Ol göçürilen halatynda, uzak wagtlap özüni tutup bilmeýär ýa-da bütinleý gurap galýar…

Fahd surat depderindäki pyrtykala garap, gaty ses bilen:

— Sen näme üçin öseňok? — diýdi.

Ýöne daragt jogap bermedi. Fahd sesini has gataldyp, ýene bir ýola sorady, daragt ýene dymdy.

Şol wagt Fahd aglap başlady. Gözýaşy burnunyň uçjagazyna ýygnanyp, ol ýerdenem göni daragtyň suratynyň üstüne syrykdy. Gözýaşdan öllenen reňkler ýaýrap gitdi we Fahd öňküden-de beter gussa batdy. Ýöne soňra ol, birdenkä, dogumlylyk bilen gözýaşyny süpürdi-de, surat depderinde çekilen daragtyň hakyky däldigine düşündi we suratly kagyzy ýyrtdy. Ol pyşyrdap:

— Men pyrtykal agaçlarynyň ösýän ýerine dolanyp bararyn hem-de atamyň ýykylyp aýrylan köne jaýynyň ýerinde täze jaý salaryn — diýdi.

Fahdyň kellesi ýuwaş-ýuwaşdan stoluň üstüne bakan eglip başlady we ol dessine uka gitdi. Ol düýşünde giň meýdanyň içi bilen pyşdyldap barýardy, gapdalynda bolsa göm-gök deňziň kenarynda kiçiräk pyrtykal tokaýlygy bardy. Pyrtykal agaçlarynyň arasy bilen bolsa, özüne tarap atasy ýöräp gelýärdi. Ynha, ol Fahdyň ýanyna geldi-de, onuň egnine kakyp, şeýle diýdi:

— Aý, Fahd, berekella. Daragtlar hiç haçan kagyz ýüzünde ösmeýär, olar diňe toprakda ösýär.

 

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle