Danalaryñ pähimi durlaýan setirleri
Danalaryñ pähimi durlaýan setirleri

— Men agzybirligiñ bäş sütüni bar hasap edýärin.
Birinji sütün: WEPALYLYK.
Ikinji sütün: SABYRLYLYK.
Üçünji sütün: IŞEÑÑIRLIK.
Dördünji sütün: PESPÄLLIK.
Bäşinji sütün: RUHUBELENTLIK.
* * *
— Ýaşlar her bir aýdylan zada dogry hem dürs düşünmelidir, her bir aýdylan zatdan dogry netije çykarýan bolmalydyr.
* * *
…Ýagşylyga ýaran bol, ýegi tarypla,
Danalara gol ber, ýol ber arypga,
Ýaman kişi betnam bolar taryhda,
Parahatlyk tugun diken utupdyr.
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.
◆ ◆ ◆
Eý, ýaman iş edip, ýagşydan gaçan,
Soñ Allañ keremne gujagyn açan,
Bagyşlar diýip ynam etme sen oña,
Günäli-günäsiz, deñ däl hiç haçan.
Omar HAÝÝAM.
◆ ◆ ◆
«Mähribanlyk hazynasy kime nesip bolan bolsa, halypalyk hem şol adama degişlidir».
Alyşir NOWAÝY.
◆ ◆ ◆
Bigadra-gadyr, näkese hormat,
Ýakyna hat ýazmak, ýyraga-sargyt.
Abdala-nik puşeş, aşyga-rahat,
Hatarda boş gitmek nere ýaraşmaz.
Gurbandurdy ZELILI.
* * *
…Ýel dek öwser gider ýalançy pany,
Agyrtmagyl ata bilen enäni,
Ýene kylmañ gybat birle zynany,
Ribahoryñ ataş höregi bolar.
Annagylyç MÄTÄJI.
* * *
Bu peşgeş berilen çäklije ömri,
Guwanyp geçiriñ, söýüp geçiriñ.
Kitüwden-kineden belentde boluñ,
Paýhasa-pähime uýup geçiriñ!..
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
* * *
…Hakyda diýmeklik —
Hakykat diýmek,
Dogrumy, ýalñyşmy-hemmesi bolan.
Hawa, inim, diñe hakyda bile
Ýaşalýan Watanyñ geljegi bolar.
Kerim GURBANNEPESOW.
* * *
— Akyl bilen baýlyk kemçilikleriñ üstüni ýapýar, garyplyk bilen nadanlyk onuñ üstüni açýar.
— Günüñ şöhlesini ýapyp bilmersiñ, hakykatyñ yşygyny söndürip bilmersiñ.
— Gorkýan bolsañ aýtma, aýdan bolsañ gorkma.
— Kim köp ant içýän bolsa, ol şonça-da aldaýandyr.
— Maly gulagyndan ýapyşyp tutýarlar, adamy dilinden.
— Özüñden aşakdakylara rehimli bol.
— Öwünjeñ uruşdan soñ batyrdyr.
— Täze dili öwrenmek täze adamy öwrenene barabardyr.
— Her bir işde öz çeniñi bilmek hem baýlykdyr, hem artykmaçlykdyr.
— Her bir daragtyñ öz kölegesi bar, her bir ýurduñ öz däbi.
— Hakykatdan beýik zat ýokdur.
— Ýañra adam soñra köp ökünýändir.
— Ýalan keseldir, hakykat dermandyr.
Atalar sözi.
Toplan: Toýly KERIMI. Sözler
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.