Danalardan dürdäneler
Danalardan dürdäneler
• Dünýä ajaýyp, emma şahyryñ gözi bilen hasam ajaýyp görünýär.
Iogann Wolfang Gýote.
◆ ◆ ◆
• Adamlar öz ýalñyşlyklaryny bagtly pursatlarynda däl-de, betbagtlyga uçran wagtlary ýatlaýarlar.
Daniel Defo.
◆ ◆ ◆
• Bikemal adam hemme zadyñ bahasyny bilip, hiç zadyñ gymmatyny bilmeýän adamdyr.
Oskar Waýld.
◆ ◆ ◆
• Üstünlik gazanmagyñ iki ýoly bar: ýa öz aklyñdan peýdalanmaly, ýa-da başgalaryñ akylsyzlygyndan peýdalanmaly.
Žan de Labruýer.
◆ ◆ ◆
• Durmuş merdiwanyndan çykyp barýarkak, adamlar bilen mylakatly bolalyñ. Çünki düşüp barýarka, ýene şol adamlara sataşmalydyrys.
Jenap Şahabeddin.
◆ ◆ ◆
• Ajaýyp zady söýüp bolmaýar, söýüp bolýan zat ajaýypdyr.
Lew Tolstoý.
◆ ◆ ◆
• Owadanlyk ~ köplenç kemçilikleri gizleýän ýapynjadyr.
Onore de Balzak.
◆ ◆ ◆
• Adamyñ hakyky baýlygy onuñ bu dünýäde eden haýyr işleridir.
Hz.Muhammet pygamber (s.a.w)
◆ ◆ ◆
• Adamlar barslara meñzeýär, içleri boşka başy gökde, içi doldugyça bolsa egilerler.
Mişel de Monten.
◆ ◆ ◆
• Söýgi ~ birnäçe bolmajak zatlary boldurar.
Iogann Wolfang Gýote.
◆ ◆ ◆
• Hakyky ýoldaş ~ iki göwrede ýaşaýan bir ruhdur.
Aristotel.
◆ ◆ ◆
• Ha aýal bolsun, ha kitap… Daşyna aldanman içine seretmelidir.
Jenap Şahabeddin.
◆ ◆ ◆
• Söýgi ~ köpri gurmakdyr. Adamlar köpri gurmaly ýerinde diwar örýändikleri üçin ýalñyz galýarlar.
Isaak Nýuton.
◆ ◆ ◆
• Şol bir dilde gürleşýänler däl-de, şol bir duýgulary paýlaşýanlar düşünişip bilýändir.
Jelaleddin Rumy.
◆ ◆ ◆
• Pul açlygy giderer, bagtsyzlygy däl. Nahar garnyñy doýurar, ruhuñy däl.
Bernard Şou.
◆ ◆ ◆
• Agyr iş ~ öz wagtynda etmeli, emma etmedigimiz sebäpli añsat işleriñ toplanmagyndan döreýär.
Žan Žak Russo.
◆ ◆ ◆
• Ata-babañdan saña miras galan zatlara mynasyp boljak bol! Ýogsa olar seniñki bolmaz.
Iogann Wolfang Gýote.
◆ ◆ ◆
• Gabanjañlykda buýsanjyñ paýy söýgüden artykdyr.
Fransua de Laroşfuko.
◆ ◆ ◆
• Erkekler zenanlaryñ ilkinji söýgüsi, zenanlar erkekleriñ iñ sonky söýgüsi bolmak isleýär.
Oskar Waýld.
◆ ◆ ◆
• Akylly bolmak esasy zat däl, esasy zat ol akly öz ýerinde ulanyp bilmekdir.
Rene Dekart.
◆ ◆ ◆
• Men seniñ meni söýmek ähtimallygyñy söýdüm.
Ýylmaz Erdogan.
• Başgalary ýygy-ýygydan bagyşlañ, emma özüñizi asla bagyşlamañ…
Publisiý Sir.
◆ ◆ ◆
• Hakyky söýgüde ne wepa bar, ne jepa…
Jelaleddin Rumy.
◆ ◆ ◆
• Adam nähili ruhubelent boldugyça, söýgüsi şonça çuññurlardan geler.
Leonardo da Winçi.
◆ ◆ ◆
• Adamlary gowy tanañ: her adamy erbet hasap edip ýamanlajak bolup durmañ, her adamy hem gowudyr öýdüp öwjek bolup ýörmäñ.
Jelaleddin Rumy.
◆ ◆ ◆
• Kämil adam ~ owadan gürlemän, gürlän zadyny eden we etjek zadyny gürlän adamdyr.
Konfusiý.
◆ ◆ ◆
• Ant içip ýörmäge zerurlyk duýulmaz ýaly beren sözüñizde tapylyñ.
Deýl Karnegi.
◆ ◆ ◆
• Iñ köp göwnümize ýaran adam ~ özümize meñzeýän adamdyr.
Molýer.
◆ ◆ ◆
• Adamlary beýgeldýän iki belent häsiýet bardyr: erkegiñ mert, zenanyñam namysly bolmagy.
Napoleon.
◆ ◆ ◆
• Söýgi — eşege-de tans etdiriberer.
Fransuz nakyly.
◆ ◆ ◆
• Garaşyp sabyr edip bilýän adamyñ hemme zat öñüne geler.
Onore de Balzak.
◆ ◆ ◆
• Bir şem beýleki bir şemi tutaşdyrany bilen, yşygyndan hiç zat kemelmez.
Jelaleddin Rumy.
◆ ◆ ◆
• Söýeniñi elde saklap bilmeseñ, eliñde bar bolany bir söýjek bol.
Pýer Kornel.
◆ ◆ ◆
• Dile çolanan ýagşylygyñ sögünçden gowy ýeri ýokdur.
Žan Rasin.
◆ ◆ ◆
• Eden ýagşylygyñy ýatlama, özüñe edilen ýagşylygam unutma.
Çilton.
◆ ◆ ◆
• Hilegärlik utuş getirse-de, ýazgydy üýtgedip bilmez.
La Edri.
◆ ◆ ◆
• Söýgi adamkärçiligiñ, zorluk mahluklaryñ kanunydyr.
Mahatma Gandi.
◆ ◆ ◆
• Dostuña-da, duşmanyña-da ýagşylyk et. Eger şeýtseñ dostuñ bilen-ä hasam ýakyn dost bolarsyñ, duşmanyñ bilenem dostlaşarsyñ.
Kledbul.
◆ ◆ ◆
• Eğer biri kimdir birini halamasa, munuñ bir bir sebäbi bardyr. Eger kimdir birini hemmeler söýýän bolsa, onda munuñam bir sebäbi bardyr.
King Dse.
◆ ◆ ◆
• «Näme diýsemkä?» diýip ilki pikirleneniñ, «Näme üçin beýle diýdimkä?» diýip soñundan puşman edenden has gowudyr.
Saady Şirazy.
◆ ◆ ◆
• Gülüñ tikeni bar diýip gynanç bildirmegiñ deregine, tikeniñ güli bar eken diýip begeneliñ.
Iogann Wolfang Gýote.
◆ ◆ ◆
• Hiç wagt çykan gapyñy çalt ýapma, yzyña öwrülmegiñ ahmal.
Don Herold.
◆ ◆ ◆
• Söýgi bitewilige, men-menlik ýalñyzlyga alyp barýar.
Fridrih Şiller.
◆ ◆ ◆
• Tümlügi näletlemegiñ deregine, bir şem ýakyñ.
Konfusiý.
◆ ◆ ◆
• Alnyny Güne dirän adamyñ ýüzüne kölege düşmez.
Helen Adams Keller.
◆ ◆ ◆
• Ýagşy niýetli adam ýaranyñ üstüne guran gabyk, bet pygylly adam bolsa gabygyñ aşagynda ýene ýara görer.
Wilýam Şekspir.
◆ ◆ ◆
• Iki zady heniz bar wagty gymmatyny bilmek kyndyr: saglyk we ýaşlyk.
Hz.Aly (r.a)
◆ ◆ ◆
• Bagtlylygyñ hiç birisem soñy gowluk bilen gutaran gaýgy ýaly lezzetli däldir.
Kwint Gorasiý.
◆ ◆ ◆
• Patyşanyñam, gedaýyñ ajygyşy birmeñzeş bolýar.
Mişel de Monten.
◆ ◆ ◆
• Seniñ için ölerin diýdi. Men üçin eýýäm öldüñ diýdim welin, jesedini alyp çykdy…
Küçük Isgender.
◆ ◆ ◆
• Meniñ düşünişime görä, bu söýgi diýlen zat: her iki tarapa-da jebir çekdiren, ýürege biygtyýar gozgalañ tapdyran adatdan daşary hereket eken…
Jan Ýüjel.
◆ ◆ ◆
• Söýmek ~ birini tapmak ýa-da gazanmak däl.. Başga birinde özüñi tapmakdyr…
Emma Goldman.
◆ ◆ ◆
• Gözýaşyñam öz etmeli işi bar ekeni, yzyndan geljek ýylgyryşyñ ýoluny arassalarmyşyn.
Jelaleddin Rumy. Sözler