Danalardan däneler
Danalardan däneler
DANALARDAN DÄNELER
Eger men bir agajy sekiz sagatdan çapmaly bolsadym, onuň alty sagadyny paltamy ýiteltmäge sarp ederdim.
A.Linkoln
***
Parasatly pikirlere diňe düşünjeli adamlar düşünip biler, emma şol pikirler hereket üsti bilen görkezilende bolsa, bütin ynsanlar düşüner.
Emili P.Bisel
* * *
Ýylyň her bir gününiň iň ajaýyp gündigine özüňi ynandyr.
Ralf W.Emerson
* * *
Biri bilen gürleşýärkäň birden pikiriň çapraz gelen pursadynda dymmak – gürleşmegiň beýik sungatynyň biridir.
Anonymous
* * *
Ukyp – bu seniň başarjaňlygyňy, işe höweslendirme bolsa nämä ymtylýandygyňy, garaýyş bolsa şol işi nähii ýerne ýetirýändigiňi kesgitleýär.
Lou Holtz
* * *
Paýhaslylygyň ilkinji basgançagy dogruçylykdyr.
Tomas Jefferson
* * *
Şatlanmagyň iň gowy usuly kimdir birini şatlandyrmakdyr.
Mark Twen
* * *
Bagtly bolmagyňy isleýän bosaň, kimdir birini bagtly et.
Buker T.Waşington
* * *
Ir ýatyp, ir tursaň eger, bilýänsiň sagdyn,baý, akylly boljagyň meger.
Başgalar iýmek üçin işleýan bolsa, men işlemek üçin ýaşaýan.
Sokrat, gadymy grek akyldary.
* * *
Süýji suwyň başy mähelleli bolýar.
Ýagtylyk bolmasa reňkler görünmez.
Möwlana Jelalleddin Rumy
* * *
Edebiýat çörek ýaly möhüm bolmalydyr.
Aleksanr Blok
* * *
Egri çyzgyçdan dogry çyzyk çykmaz.
Hezreti Aly
* * *
Ýagşylyklary täzelemek bilen ömrüňizi uzaldyň.
Mahmyt Zamahşary
* * *
Uruşda söweşenlere garanyňda, gaçanlar has köp heläk boýar.
Benjamin Franklin
* * *
Ýeňiljeginden gorkýan hemişe ýeňilýär.
Ýyldyrym Baýezit
* * *
Hiç bir batyryň takdyr okuna garşy tutara galkany ýokdur.
Hafyz
* * *
Esgerden ilkinji nobatda sabyr hem çydamlylyk talap edilýär, batyrlyk ikinji derejelik işdir.
Napoleon I
* * *
Her näçe gaharly düwülen ýumruk hem gülüp duran ýüze degmez.
Gadymy Hytaý pähimi
* * *
Talanty we zähmete söýgüsi bolan adam üçin päsgelçilik ýokdur. Saz adamlaryň ýüreginde alaw döretmelidir.
Lýudwig Wan Bethowen
* * *
Paýhas tejribäniň perzendidir.
Leonardo da Winçi
* * *
Söýmek öz söýýäniň durmuşy bilen ýaşamakdyr.Bagtly bolmak üçin bagtly bolmak mümkinçiligine ynanmak gerek.
Lew Tolstoý
* * *
Uly şatlyga uly zähmet bilen ýetilýär.
Gýote
Toplan: Ysmaýyl AZADOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 9-njy synp harby okuwçysy.
Sözler