|

«Dana bolsaň, aýak çekip sägin-de…»

"Dana bolsaň, aýak çekip sägin-de…" «DANA BOLSAŇ, AÝAK ÇEKIP SÄGIN-DE…»

Dana bolsaň, aýak çekip sägin-de,
Mahal-mahal sallarlap gör özüňi:
Kuwwat niçik iýnjik bilen çiginde? —
Sürdüňmikäň süýji günleň ýazyny,
Gördüçňmikäň ajy günleň közüni?

Bitakat kalplaryň jadyly humy,
Ýiti pikirleriň parran neşteri
Neçün üstlerine örtünip gumy,
Terk eýleýip tekepbiri-esgeri,
Düýşümizde tutmalymyş mesgeni?

Göni bak sen hakykatyň ýüzüne:
Ýakymlymy:
ýalynlymy — parhy ýok!
Ör boýuna galan üçin dyzyna
Ýene gaýdyp çöker diýen gorky ýok,
Gaýtam, şeýdip bilmedigiň nyrhy ýok!..

Şuňa gözüň ýetenden soň mazaly,
Mazaly aňansoň göreş manysyn,
Zabt eýlegin diňe belent galany, —
Hiç kime goýmagyn ýoluň ýarysyn,
Özüň geçgin kötellikleň barysyn!

Nikolaý MIKOLAÝENKO,
ukrain şahyry.

Terjime eden Annaberdi AGABAÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle