Dañ
Dañ
Säheriñ päkligne dowamat dünýe
Diñleýär meýmiräp ertiriñ ýañyn.
Ak days yşkyna düşen guşlaram,
Şadyýan saz edýär:
«Turuñ, oýanyñ!»
Zemin şeýle ajap,
Dañyñ goýnunda
Gül näz eýläp, ak çeşmeler gülüşýär.
Dünýe gije bilen hoşlaşan çagy,
Päk niýetli gündiz bilen görüşýär.
Kem-kemden ýagtylyp asmanyñ ýüzi,
Güneşem ýylgyryp gelýär salama.
Şu pursatda dünýe şeýle tolgunýar,
Täzeden dogulýan ýaly hamana…
Nurjemal BAÝRAMOWA. Goşgular