Däliden dogry habar
Däliden dogry habar

G.A.
Gel, bar zady edeli biz ýerbe-er,
Bar zady edeli çöp döwlen ýaly.
Bu nä duýgy boldy —
Jana derdeser?!
Mundan beter nämemiş muň hyýaly?!
Ýa bile gideli bir ýola düşüp,
Ýa rugsat ber —
Öz ýoluma gideýin.
Men ýaşap bilemok çöküme düşüp,
Dyzym epilenok —
Nalaç edeýin!
Ýitgiler kän.
Ýene birne dözüler.
Oda ýanyp boldummy men gap-gara?!
Gowsy «Ýok» diý —
Göni bakyp gözüme,
«Hawa» diýme —
Ýüzüň sowup gapdala.
Şiraly NURMYRADOW. Goşgular