Dalaşgäriň synagdan öňki howsalasy
Dalaşgäriň synagdan öňki howsalasy
Eje, maňa birazajyk çörek ber,
Bir kesemen çörek,
ýüregim gyssa
çöregiňi ysgap köşeşer ýaly,
Hem güýç berer ýaly maňa kän esse.
Bilýän dogalarmy sanap gideýin,
Dilde däl, tumar deý boýnumdan asyp.
Ýekeje gezeklik öp meni, eje
Synagdan ýykylman galaýyn asyl.
Häzir maňa islegimçe dynç beriň,
Agşamna kän ýumulmady gözlerim.
Sorag belgisini unudyp bilmän
Uzak gije şol bolupdy gözlegim.
Indem ýatanymy ýatlap bilemok,
Süzülen gözlermi owkalap durun.
Gör-ä, çep gözümem çekýär şu mahal
Belki okuw jaýyň talyby borun.
Häzir howsalanyň zerurlygy ýok,
Ikä derek bire dönsün ýürekler.
Mydam ýoldaş bolar ýaly ýanyma
Eje, maňa bir kesemen çörek ber.
Goçmyrat Orazberdiýew Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.