Dagy böwsüp çykan gül
Dagy böwsüp çykan gül
Gaýgy-gamyň hakda ýazýaň söýgülim,
Hatyňda zeýrenýäň ara daşlykdan.
Bary-ýogy birki oýnam jümlede,
Az gürrüň edýärsiň göwün hoşlukdan.
Diýýäň: gündizleň boş, gijeleň tukat,
Seriňde bir giden dünýäň soragy.
Aýralyk derdinden solup-sargaryp,
Daşa dönýärmişin erkek ýüregi.
Diňle meni, ýadyňdamy ezizim,
Alyslary, baharlary Uralyň.
Daşynda perwana bolupdyk hergiz,
Daşy böwsüp çykan bir täsin gülüň.
Oň näzik baldagy teşneliginden,
Ýadyňdamy, sülleripdi ezizim.
Emma ol şonda-da töweregine,
Saçýardy müşk-anbar atyryň ysyn.
Ot-ýalynly söweşleriň içinde,
Eger daşa dönýän bolsa ýüregim,
Meniň söýgim daşy böwsen gül ýaly,
Öser otyr elmydama, geregim.
Mustaý KERIM.
Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.
“Edebiýat we sungat” gazeti, 20.10.1979 ý. Goşgular