Daglar ýumrulyp beýgelýär: Yşk damjalary
Daglar ýumrulyp beýgelýär: Yşk damjalary

Söýgi hem, edil guş ýaly, kä uçýar, kä gonýar. Öz köňlüňe bak! Yşgyň köreýän bolsa, bu seniň okamaly kitabyňdyr. Okaňsoň, yşgyň joşuşyna-da bir bak!
***
Seniň gözleriň gara-da däl, mawy-da däl, söýgi reňkinde.
***
Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz. Ÿürek aglar sessiz-sessiz.
***
Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle bir näzik weli, seni özümden gabanỳan.
***
» Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem,» şonda duýgularym egsilermikä?!
***
Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa yşyk berdim,köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek!
***
Üşän şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap ýylyndy.
***
Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň, guluň-a bar.
***
Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi dilip çykdyň.
***
Janym jan öýünden çykansoň, sen ýadymdan çykarsyň.
***
Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim.
***
Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel!
***
Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip, ýumak edip taşlady. Jana-janym! Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.
***
Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar. Sen ölemde-de ỳüregimden sogrulmarsyň.
***
Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym.
***
Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.
***
Meni söýmän şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.
***
Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa- garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.
***
«Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?» diýip ýazypsyň. Hawa, heniz-henizlerem ýyldyrym çakýar, ýöne diňe özümi ýakýar.
***
İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi: İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.
***
Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezilen saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.
***
«Aýalaryň şeýle gyzgyn.» diýýâdiň.
Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.
***
Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn.
***
Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanyp çykarmyş. Biz, ýüreklerimiziň ululygy üçin uçup bilen dâldiris.
***
Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym, akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa düỳpden başga zat gerek ekeni.
***
Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar.
Dar agajy gysga geldi.
***
Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün.
***
Hemmeler: «Söýýâniň gowy gyz» diýýâr.»Seni söýýârmi?» diýen bolmady.
***
«Gözellik bir başga, söýgi bir başga.» diýip öwretdiler. Ikisini bir gyzda görüp aklym çaşdy.
***
Uzak ýyllardan soñ tötänden duşdy weli,mañlaýynyñ ýygyrdyny, saçlarynyñ çalyny gizläp bilmän kösendi. Ol meni ýigrimi ýaşly durkumda gördi öýdýän.
***
Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez.
***
Bu dünỳäde ỳakanyň üçin o dünỳäde meni jennete, seni dowzaha atarlar. Senden aỳrylmajak bolup, dowzahda bile ỳanaryn.Külümiz bir birleşsin.
***
Gelsene! Seni agladan ýalňyzlygyň özüni agladaỳyn. Bir, gelsene!
***
Özüňe meniň gözlerim bilen bakyp gör.
Şonda meni söýmän bilermikâň?!
***
– Men saňa şem bolaýyn. Ereý-ereý yşyk berip, köñlüñe damaýyn.
– Menem saňa gije bolaýyn.Yşk duralgasy gijedir.
***
Golaý gelme, gözel! Ŷürekden çykýan alow saçlaryňa çabyraýmasyn.
***
Sen bagtly ekeniň.Gury ýaprak ýaly lowlap ýandyň tükendiň. Men bolsa, kömür közi ýaly, ömrüm boýy körâp durun.
***
Sesi duýýan iň nâzik güle mimoza diýýâler. Aýtjak sözlerimi öňünden duýýan söýgülim mimozadanam nâzik.
***
Yşgy ýeňen ýokmuş. Senem ýeňjek bolup kösenme.
Köseme!
***
Ömrüm bahar küỳsäp geçdi. Munça ỳylda birje bahar gelmedi. Bahar gelse, umydym bar, sen gelersiň.
***
Güllerde-de betbagty bar. Güỳz gülleri hazan ỳelleri üçin gülleỳär.
***
Sen maňa ganatsyň, kuwwatym sensiň.Uçurmany başardyň, ajap ýere gondurmany hem başararsyň.
***
Soňky sargydymy kabul et! «Göz ýaşyna gark bolup ölen barmy?” diỳseler, bar diỳgin.
***
Ne söz tapýan aýtmaga, ne göz tapýan bakmaga.Men doňňara daşdan ýasalan yşk heýkeline öwrüldim.
***
Uzak ỳyllardan soň duşuşdyk. Hany, o gül ỳüzlerimiz?!
Hany, güler gözlerimiz?!
Diňe öpülmäni üçin teşne dodaklar öňki.
***
Men bagtlymy, sen bagtly-bilebilmeris. Ýöne bagtly görünmekden utanyp, bir-birege görnübilmân ýörenimiz hakdyr.
***
Sözlejekle, ýöne âhli sözler ejiz gelýär. Gowusy, «gara-gara gözler bilen gözleşmeşek oýnaşaly.»
***
Sen gideliň bâri bir ýerde kararym ýok.Gara garalylar gamgyn gözleriň bolup bakýar, narlar seniň utanjaň ýaňaklaryň bolup gyzarýar.
***
Saňa aýdybilmeýân sözlerimi guşlaryň jürküldisinden, şemalyň şuwwuldysyndan aňyp bilersiň. Özge bolmasa, gapyňyza bak:ak garyň ýüzüne ganly gözýaşlary seçelendirip, ýüregimdäkini ýazyp gidendirin.
***
O-uf, o-ouf! O gözleri görelim bâri, bulanyk suwdaky balyga döndüm.
***
Aramyzdaky bu demir gözenek nâme?! Sen tussagmy, men tussag?
***
«Meni iň soňky gezek görýâň, tüweleý kimin göterilýân, maňa bir söz aýt!»diýsem,»Men seni iň soňky gezek görýân»diýdi.
***
— Näzlim! Akja kepderi bolsaň, üstümden uçup geçeweri.
–Ýok, kölegämem saňa galtaşmaz.
***
Gollar göwrä saralanda, dodak dodaga ýetende Garajaoglan: «Üç gije daň atmasady» diýipdir.Ýok, alty aýlyk gije gelmese bolmaz.
***
Aýdybilmân, aýdybilmän, ahyry, bir söz aýtdym. Aklyň dâl, gözel duýgularyň jogap bersin.Gaýmak, bal aksa-da, seni bagtyýar etjek şo birje sözdür.
***
«Söýýâniňi subut et» diýýâň. Ýürejigimi aýaňda oýnap otyrkaň, başga nâme aýdaýyn?!
***
Ýürek diýlen nâmeligini seniň sözleriňden añyp başladym. «Ýürek bir deňizdir, dildir onuň kenary».
***
Meniň söýgim jokramadan soň, güwläp inen ýagyş ýalydyr. Gaýra çekilme! Gowusy, ýürejigimiň saýasynda myssylda-da duruber.
***
“Iň agyr zat näme?” diỳip, akyldardan soradym. ”Garabagt söỳginiň ỳatlamalary” diỳdi. Men bu ỳüküň aşagyndan nädip çykarkam?!
***
İkimiz assaja ýörâp ýörüs. Aýak astynda-da, asmanda-da erik gülleri. Dünýâde diňe erik gülleriniň barlygyna, diňe ikimiziň söýüşýânimize şumahal göz ýetirdim.
***
Heniz-henizlerem dört barmajygyň bilen agzymy beklâp,»Ýuwaşş» diýip mâhrem pyşyrdap dursyň.
***
Ejemiň dogran güni-göwrämiň dogan güni, saňa duşan günüm – yşkymyň dogan güni.
***
Gidýämiň? Şeýle bolsa, jesedimi guş-gurtlar çekelâp durmasyn, üstüme gum sürüp git.
***
Seni söýelim bâri jaýryk-jaýryk aýna döndüm: ne maňa bakýan bar, ne men ile bakýan.
***
Ellerimi biliňde çigip, şeýle bir gujaklasammm, howurly demlerimi ýüzüňe çabradyp, şeýle bir öpsemmm!!!
***
Gyzyl-gyzyl közleri asmana sowurỳan wulkan men, ỳogyn-ỳogyn agaçlary kökünden goparỳan tupan men. Söỳgülim bolsa maňa duman diỳỳär.
***
Düýpsüz deňizde ỳüze-ỳüze gelip, seniň meleje gözleriňde gark boldum gitdim.
***
Allajan meni ýakmak üçin seniň gözleriňi alowdan ýasandyr.
***
Ýoluňa köpri bolup düşeleýin. Säginmân bas-da geç, ganym fontan bolup atylsyn.
***
Aýralyga akyl çydasa-da duýgularym hem tenim meni gowrup-ỳakyp barýar.
***
Tutuş göwrâm ýürekdir, seresapja bolaweri.
***
Ýeke-tâgim! Sen gideňde asmanam bile aglaşdy. Şondan bâri her ýagan ýagyş ýaralaryma şerebe bolup siňýâr.
***
Meniň ýaly betbagt yokdur: ýer ýüzüniň, dag başynyň gary eredi, akdy gitdi. Emma saçymdaky gar, indi näçe ỳyldyr, şo doňup ỳatyşy.
***
Bu deňizler gözleriňe sygýan bolsa, bu daglar göwsüňde orun tapýan bolsa, zerre ýaly, men, biçârâ, ýer tapylmazmy?!
***
Sen gözleriňi lezzetli ýumup:»Bir söz aýtsana!» diýýâň. Gyzgyn posalar sözüň nokadydyr, dünýâm!
***
Sen gidersiň. Bagtly ýere gitseň ýagşy.Emma dili bilen bal akdyryp, gözi bilen gaýa goparyp ýören ýylmanajyk köçe jalataýyna aw bolarsyň öýdüp demigýân.
***
Ikimize bu dünýâ dar bolýar! Aý ýüzünde aýdym aýdyşýp, ýyldyzdan-ýyldyza böküşip ýörsek bolmaýamy?!
***
«Gözýaşlarymyň her damjasynda adyň bar» diýdiň. O damjalaryň suwlan çynarynyň her ýapragynda şekliň bolar, armanlym!
***
Ŷadyňdamy, üç deregiň arasynda duşuşỳadyk. Arada o derekleri gözỳaş bilen suwardym.
***
Meniň hatymy okap durkaň,arkaňdan baryp saçlaryňy sypasam, asmana uçarmykaň öýdýân.
***
Ikimiz ýagyş astynda galyp, suwdan çykan ýaly ezildik. Şonda üýalyp, göwsüňe ýelmeşen köýnegiňi galdyrjak bolşuň göz öňümden gidenok.
***
Ýyllar geçer, bu derýadan nâçe suwlar akar. Bir gün meniň oglumy görüp: «Edil kakasynyň gözleri-dâ» diýip, gama batsaň gerek.
***
Dünýâniň beỳle sowuklygy ikimiziň ýalňyzlygmyzdandyr.
***
Ýörsene, ýörsene! Bu dünýâde gorkup- çekinip ýaşap bolmaz.Ýör, tupan-tüweleýlere döş gereli. Yşgymyzdan güýçli barmy, göreli!
***
Şeýle garyp men, gaty garyp men: başyma gar ýagýar, garyň garasy ýagýar.
***
Ikimiziň çeken hesretimizi ýyldyzlaram çekip bilmez. Arman, soňy puç boldy.Hanha, indi herimiz biriniň kölegesine öwrülip gitdik.
***
Ýer Asmany söýýâr, Aý Yyldyzy söýýâr.
Sen kimi söýỳäň?
***
Wah, saňa aýdybilmeýân sözlerimi bir duýsaňdyň!
***
— Söýeniň ýalanmy? O gözýaşlar ýalanmy?
-Ölümden özgesi ýalan.
-Ýalan!
***
Dünýâni sowuk alar diýseler ynanaryn, sebâbi buza dönen ýüzüň kiçijik dünýâmizi doňdurmaga ýeter.
***
Leýli bilen Mejnun gelse, Şasenem Garyby, Zöhre Tahyry bilen, menem seň bilen barsam. Ynanaỳ, olar biziň yşgymyza lowlap-lowlap ýanarlar.
***
«Seni söýen öldi»diýseler, janyň çykar.Seniň diriligiňi islâp ýaşap ýörün.
***
Leýli gyz! Meni ne hallara saldyň?! Nirden gelip, nirâ barýany belli bolmadyk buz üstündäki aýa döndürdiň.
***
Ýene güýz ýelleri öwüsdi.Ýene saçlaryňy sypasy gelip ikiýana çarp urdy. Tapmansoň, ýene uwlap-uwlap gitdi.
***
–Diňle, şo-ol öňki aýdymlar!
–Wah, aýdymlar öňkü-le…
***
Gözleriň meni aldanok, emma beýle dymmak bormy?! Hudaý «Söýüşiň» diýip dil berenmiş ahyry.
***
Söýgi diýmek—aýak ýalaň köze basmak ekeni. Wah, men seni söýmedik günlerime bir dolanyp barsam?!
***
Aýdan-Günden belent ýyldyzda ornuň bar, gözelim! Yere inip, gadryň gaçyryp ýörme!
***
Ŷunus Emre: «Gel, gör,meni yşk neýledi?!» diýipdir.Ŷeke-tâgim, yşgyň meni neýlânini görer ýaly bolmady.
***
O gün çölde ýaz günüdi.Ene keýik seni görüp saklandy. Gözleriňe gözi düşüp,ýiten owlagydyr öýdüp, zaryn-zaryn mâledi.
* * *
Süỳem barmajygyň bile gaşlarymy sypap- sypap,burnuma emaýja basyp, «Oýansana…»diýip pyşýrdamaň bardy. Bize nâm boldy,nâm boldy?!
***
Soltanym! Aý-Ýyldyza hökmüň ýöreýârkâ, bu gözýaşlar nâme?!
***
Kösäber, kösäber. Her gyşyň soňy bahardyr, unutma!
***
Ýok, ölsemem aglaman! Ereý-ereỳ topraga siňer giderin.
***
Dilim dymyp, gözlerimi sözlederin. Gözlerim saňa erk eder. Emaý bile çeke-çeke seni alnyma getirer. Şonda-da dymyp bakaryn. Ahyry, sen sözlärsiň, bilbil bolup saýrarsýň. Ynanaý, men şeýderin.
***
Deňiz-derýalary aşyp, saňa suwsap geldim.Seni şeýle bir göresim geldi. Gördügim — ölesim geldi.
Meniň ykbalym neneň bolarka?!
***
…Soňra tiz ukladyň. Myssyldyňa guwandym oturdym. Men gije soltanynyň sakçysy boldum.
***
Barlygymy görmediň, ỳoklugymy hem bilmersiň. Gözlerimi açyp ölmeli boldum. Sen jesedime bir baş egseň, gözlerim ỳumulardy.
***
Damarymda gan bolup aýlanýan sensiň. Rehmiň insin. Beýle tiz aýlanma: uçursaň, gonmany bilmerin.
***
Ýer planetasynyň hakyky ady Söýgimiş. Hut Söýgi bolany üçin Adamzat bu toprakda düşlänmiş.
***
Adam ata bile How ene söýüşmedik bolsa, bu dünýä näderdikâ?!
Eý, meni söýen!
Eý, meniň söýenim!
***
Menden habaryňyz barmy?!
***
Biwepany söýmek has ejirli ekeni.
Ýürejigimi sakgyç edip çeýneýär.
***
Aýdan, Günden gabanyp gezdigim! Bulutlara garyşyp gidiberipsiň-le?
***
Seniň saçlaryň hoşboý ysy burnumy tütedip dur.Onsoň her çybşylda sen gelýânsiň öýdüp bakýan.
***
Sen meniň öňki-soňky bagtymsyň. Heniz söýülmâniň sesiňden duýlup dur. Heniz öpülmäni üçin dodajyklaryñ teşne görünýär. Gözleriňde öz şeklimden özgâni görmedim.
Gel, o bugdaýreňk maňlaýyňy, ýaňaklaryňy mâhrim bilen möhürläýin!
***
Janam berme, sözem berme! Maňa umyt ber, umy-yt!
***
«Söýýäň» diýip günäleme. Gül-gül açylyp,ganat baglap uçasyň gelmeýämi?!
***
– Bulutlaram seni görse, ýagman geçip bilmez, mâhribanym!
– Buluda täsiri ýetjek ertekidâki gyzy uzagrakdan gözle. Men ýigrimi birinji asyrda ýaşaýan.
–Wah, beý diýmâweri! Alla size gudrat baryny bagyşlapdyr. Ol-a bulutmyş, emr etseň,daglar emedeklâp gelip, aýagyňa ýykylar.
***
Saňa garaşyp, gijâm gündize döndi. Aýaz pyşyrdap, şemal şuwwuldap bir zatlar diýdi. Men, biçâre, ömürlik ýalňyzlygyň ilkinji gijesini geçirenimi soň-soň bilip galdym.
***
Meňki ýaly söýgâ indi duşmarsyň. Beýle söỳgi üçin meňkiçe ýürek gerek, ỳüre-ek!
***
Şo-ol ýalňyz tut henizem dur, şol aryjak henizem akýar, bileje oturan çal daşymyz henizem güberip ýatyr. Meniň saçlarymy bolsa diňe şemal oýnaýar.
***
Gury çeşme başynda uzak-uzak agladyň.Arada çeşme göz açdy. Ol akýan gözýaşyňmy, ýa dury suwmy?
***
Şalara, soltanlara egmedik başymy sen egdiň, belent köňlümi sen ýykdyň. Indi nätjek?!
***
Ýüregimden syzyp çykỳan ỳaşlar gözlerimde bugarỳar. Senem agla. Men gözỳaşlaryňa garyşyp kalbyňdan çykar giderin.
***
Asmanda gaỳyp ỳören bürgütkäm ganatlarymy sen gyrdyň, zalym!
***
Seniň enaýyja ýaňajyklaryň gülsemmi- gülmesemmi diýýâr. Birgeňsi dodajyklaryň öpsemmi-öpmesemmi diýýâr. Meni şo durkuň aşyk edýâr.
***
Ýaňyja dogan Güne gabak aňyrsyndan bakýaň. Men bolsa, Gün ýaly maňlaýyňa göz sürtesim gelýâr.
***
Sen bir bakaňda, bileje geçiren üç ýylymyz ýada düşdi.
***
Beren güllerimi dâli derýa taşladýň.O güllerden has eziz, has mâhrem köňül beripdim, ony nirâ taşladyň, zalym?!
***
Sen-duruja güýz suwy.
Men-o suwda akyp barýan sary ýaprak.
***
Günâni özüňden gözleseň, günâkâri tiz taparsyň. Gel, günâni özümizden gözlâp göreli.
***
Men hiçkime aşyk bolubilmän geçer gidermikâm?! Ýa mende, ýa gözellerde bir gep bar.
Hi beýle-de betbagtlyk bolarmy?!
***
Seniň yşkýňdan ölâýsem, sargydym: meni demire gaplap jaýlaň. Bolmasa, o biýz kepeni ýyrtyp-süýrâp, gapyňa geler duraryn.
***
İkimiz deňiz kenarynda kofe içýârdik. «Seniň saçlaryň kofedenem gara» diýip ýylgyrdym.Sen bolsa dymdyň. Şonda: «Biziň ykbalymyz has gara»diýen bolsaň, ýerine düşjek ekeni.
***
Yşgym egsilmese, ýanardag ýaly partlar duraryn.
***
Rahatlan, jana-janym! Durmuşyň tükenmez
gowgasyna janyňy ýakma! Gel, o ýigitlik-gyzlyk günlerimizi ýatlaşaly!
***
Ejem, biçäre, gelejekki gelnim geýer diýip, gülli jorap ördi. Gonjuna-da seniň adyňy ýazypdyr. İndi men ejeme nâme jogap bererin?!
***
Gel, gel, sözleşeli! “Haýsy dilde sözleseň-de, yşkdan sözleseň düşünerin.”
***
Jesedim güle öwrülip, mazarymda gögerse, o gülleri bir suwlawergin.
Meni ikinji gezek öldürme!
***
Bu söýgüden maňa ýeten—hesretli ýatlamalar boldy.
***
Sen geleňde köşk-saraýdym. Haraba döndüm, saraýdym.
***
Gül satýanam, aşygam: ”Gülümi alýan ýok” diýip nalady.
***
Indi gelme!
Seni gözleý-gözleý, ýüregimi bölek-bölek böldüm. Bir bölekdenem seni tapmadym.Indi gelme!
***
— Näçe ýaşansyñ?
— Näçe gözel gören bolsam, şonça.
***
Men bir eýjejik gözel görsem: ”Wah, Allajan, meni näme üçin BU GÖZELE taý etmedikä?” diýýän.
***
Wah, o solan gülleriñ yslary gamgyn.
***
Malym, döwletim elden gidýär diýýäň. Seňki ýagşy-la. Meniň yşgym elden gidýâr, yşgy-ym!!!
***
— Hany, gelmejekdiň-le?! Dünýâni terk edip gitjekdiň-le?!
— Wah, men gelmedim, jesedimi getirdim.
***
Dogrymy aỳtsam, “Mejnun bilen bir synpda yşk sapagyny okaşdym.” Ol dörtlük alardy, meňki bäşlikdi.
***
Tanasalar bir nyşandan, Tanarlar meni yşgymdan.
***
Ölümim bir ýürege, bir yşga jan bermese, ölüp oturasy iş ýok.
***
Ýadyňdamy!?
Ak garly basgançaklardan aỳakỳalaň ylgap-ylgap düşüpdiň. Basanyňa begenip, sowuk garlar eräpdi. Ÿadyňdamy?!
***
Söỳdügine zar bolanyň, ölende gabry dar bolar.
***
Soňky sözüm şeỳle bolar: ”Allajan! Söỳgülime dowzahda duşursaňam razydyryn. Bir ỳanan iki ỳanmaz.”
***
Wah, gül ömrüm köỳdi! Niredekä? Niçikkä? Ŷatlaỳarmyka? Her säherde üç soraga jogap gözläp ömrüm köỳdi.
***
Ýagmyr bolup gel!
Ýagmyr bolup gel! diýdiň. Men diňe Ýagmyr däl, ORAZ ÝAGMYR bolup geldim.
***
AŞYK OKYJYM!
Aşyklaryň bu mukamy tükenmez. Ony özüň dowam edeweri! Sözler