Daglar, daglar…
Daglar, daglar…
DAGLAR, DAGLAR…
Daglar, daglar…
Gör, nähili beýik siz,
Depäñiz geçipdir bulutdan añry!
~ Bujagaz gyz bize aşyk — diýip siz,
Kesä çekip gülmäñ, saýmañ siz saýry!
Daglar, daglar…
Dünýäñ syrly arşyna
Baş diräp durşuña aşyk men, hatda.
Eý, Köpetdag, iñ bir belent gerşiñe,
Alyp çyk, sen meni tug edip sakla!
Daglar, daglar…
Öwrülip siz buýsanja
Dyz epmez durkuñyz gözümde galar.
Sary güýz sähranyñ keşbi bar sizde,
Hem türkmen iliniñ nusgasy — daglar!
Daglar, daglar!
Siz owadan halatda
Huzurñyza geldim alysdan-daşdan.
Men gitmeli, siz galmaly sagatda,
Gussaly duýgyny geçirdim başdan.
Daglar, daglar…
Söz tapamok, dogrusy,
Mydam barça sözden belent bolgaý siz.
Herne meni — uzak başgyrt ilinde
Şeýle gyz bar diýip, ýada salgaý siz!
▶ MAGTYMGULY
Ähli gülden saýlanyp dur,
Türkmenistan — bagtyñ güli.
Şan-şöhrata şaýlanyp dur,
Beýik şahyr Magtymguly.
Guwan gelen döwletiñe,
Gör, neneñsi bagtyñ uly.
Taryhy dek görüp seni
Söýýär iliñ Magtymguly.
Dabarañ ýetipdir arşa,
Seniñ diliñ ~ bagtyñ dili.
Il-ulsuñ belende galsa,
Senem galýañ Magtymguly.
Türkmeniñ altyn jygasy,
Sen bolduñ, sen ~ halkyñ guly.
Dünýäniñ sönmez şuglasy,
Beýik adam ~ Magtymguly!
Aýgül GIMRANOWA,
başgyrt şahyry.
Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular